JEMGYÝET

Welaýat häkimligi habar berýär…

Lebap welaýat häkimligi penşenbe güni «Türkmen gündogary» gazeti arkaly raýatlaryň ýüz tutmalary boýunça welaýat, şäher we etrap toparlarynyň 2025-nji ýylyň iýul aýynda raýatlary kabul edýän günleriniň tertibi barada habar berdi.
Bildirişde görkezilişi ýaly, welaýat häkimliginiň toparynyň kabul edişligi 2025-nji ýylyň iýul aýynyň 5-inde we 19-ynda sagat 08:00-da başlanýar. Şäher, etrap häkimliklerinde 2025-nji ýylyň iýul aýynyň şenbe günleri sagat 08:00-da başlanýar.