2026-njy ýylyň ikinji ýarymy üçin «Türkmen gündogary» gazetine abuna ýazylyşygy dowam edýär. Gazetiň kagyz görnüşine abuna ýazylmak isleýän okyjylar «Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň degişli bölümlerine ýüz tutup bilerler. «Türkmen gündogary» gazetiniň çap edilýän görnüşine 6 aýlyk abunanyň bahasy 8 manat 10 teňňedir.
Gazetiň elektron görnüşine bolsa «turkmenmetbugat.gov.tm» internet sahypasy hem-de «Türkmenmetbugat» mobil goşundysy arkaly ýazylmak mümkündür. Munuň üçin «Merkezi gazet-žurnallar we welaýat gazetleri» bukjasyndan «Türkmen gündogary» gazetini saýlap bolýar. Elektron görnüşe abuna ýazylyşyk boýunça goşmaça maglumat almak üçin (8 00422) 31007; 32690 telefon belgilerine ýüz tutup bilersiňiz.
Welaýat gazetine abuna ýazylyşyk dowam edýär
07
May

