MEDENIÝET

Welaýat gazeti TKA-nyň welaýat birleşmesi bilen bilelikde döredijilik bäsleşigini yglan etdi

«Türkmen gündogary» gazetiniň redaksiýasy we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesi «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly mynasybetli «Bedew batly Türkmenistan — dillerde dessan» atly döredijilik bäsleşigini yglan etdi. Bu bäsleşik mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýuny dabaralandyrmak, ýurdumyzda gazanylýan belent sepgitleri wasp etmek we döredijilik bilen meşgullanýan ildeşlerimizi höweslendirmek maksadyny daşaýar. Makalalar we oçerkler ugurlary boýunça geçirilýän bäsleşige etrap-şäherlerimiziň ösüşlerine hem-de zähmetde tapawutlanýan raýatlaryň durmuşyna bagyşlanan eserler kabul edilýär.
Bäsleşige hödürlenilýän döredijilik işleri 2026-njy ýylyň 10-njy sentýabryna çenli «Türkmen gündogary» gazetiniň redaksiýasynda (Türkmenabat şäheriniň S. A. Nyýazow köçesiniň 42-nji jaýy) ýa-da turkmengundogary-gazeti@sanly.tm elektron poçta salgysy arkaly kabul ediler. Iň kämil diýlip tapylan eserler welaýat gazetinde çap ediler we bäsleşigiň ýeňijileri Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öň ýanynda dabaraly ýagdaýda yglan edilip, olara Hormat hatlarydyr gymmat bahaly sowgatlar gowşurylar.