Welaýat çagalar kitaphanasynyň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Türkmenabat şäher geňeşiniň bilelikde guramaklarynda ýokarda agzalan medeniýet ojagynda Gahryman Arkadagyň «Hakyda göwheri» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy.
Dabara şäherimizdäki orta hünär okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary, döredijilik işgärleri, kitaphanaçylar gatnaşdylar. Onda çykyş edenler Milli Lideriň täze kitabynyň many-mazmuny, eseriň ýaş nesli millilik, watansöýüjilik, ynam-ygrarlylyk ruhunda terbiýelemekdäki bimöçber ähmiýeti dogrusynda söhbet etdiler. Şonuň ýaly-da bu ilhalar eserde halkymyzyň şan-şöhrata beslenen geçmişi, milli mirasy, dana şahsyýetleri hakynda anyk taryhy maglumatlar esasynda gürrüň edilýändigi, kitabyň türkmenistanlylaryň her biri, dünýäniň ähli kitapsöýüjileri üçin gymmatly çeşmä öwrülendigi çykyşlarda buýsançly nygtaldy.
Şol gün bu ýerde «Kitap — altyn gapyly ajaýyp dünýäniň açary» atly kitap sergisi hem guraldy.
Welaýat çagalar kitaphanasynda täze kitap bilen tanyşdyryldy

14
Jan