Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda gümrük ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, döwlet serhediniň söwda howpsuzlygyny üpjün etmek, halkara ulag geçelgelerini ösdürmek boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar. Bu ugurda Lebap welaýatynyň gümrükhanasynyň harby gullukçylarynyň hem mynasyp goşandy bardyr. Çünki ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagy, halkara söwda gatnaşyklarynyň giňeldilmegi köp babatda gümrük gullugynyň netijeli işine baglydyr.
Lebap welaýatynyň gümrükhanasynda harby gullukçy bolup zähmet çekmek meniň üçin uly mertebe hem-de jogapkärçilikdir. Her bir iş günümizde biz döwlet serhedinden geçýän harytlaryň, ulag serişdeleriniň we ýolagçylaryň kanunçylyk esasynda gözegçilikden geçirilmegini üpjün edýäris. Munuň özi diňe bir gümrük gözegçiligi däl, eýsem döwletimiziň ykdysady howpsuzlygyny goramak, halkymyzyň parahat durmuşyny üpjün etmek ugrunda alnyp barylýan möhüm işleriň biridir.
Häzirki döwürde gümrük ulgamynda sanly tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy işimizi has netijeli alyp barmaga mümkinçilik berýär. Döwrebap kompýuter ulgamlary, elektron maglumat alyş-çalşygy, gözegçilik enjamlary serhet geçelgelerinde hyzmatyň hilini ýokarlandyrýar. Şeýle hem bu mümkinçilikler harytlaryň çalt we ygtybarly geçirilmegine, halkara söwdanyň ösdürilmegine ýardam edýär.
Gümrük gullugynyň işgärleri üçin diňe hünär taýýarlygy däl, eýsem ýokary jogapkärçilik, ünsli çemeleşme we watançylyk duýgusy hem aýratyn möhümdir. Sebäbi biz her gün döwletimiziň ykdysady bähbitlerini goramak bilen birlikde, ýurdumyzyň halkara abraýynyň has-da belende galmagyna hem hyzmat edýäris. Döwlet serhedinden geçýän her bir ýüküň, her bir resminamanyň takyk barlagdan geçirilmegi ýurdumyzda kanunçylygyň pugtalandyrylmagyna gönüden-göni täsir edýär.
Soňky ýyllarda Türkmenistanyň halkara ulag geçelgeleriniň möhüm merkezleriniň birine öwrülmegi gümrük gullugynyň öňünde täze wezipeleri goýýar. Hususan-da, ýurdumyz arkaly geçýän halkara üstaşyr ulag gatnawlarynyň möçberiniň artmagy gümrük işiniň has ýokary derejede guralmagyny talap edýär. Şeýle ýagdaýda biz harby gullukçylar hem öz hünär ussatlygymyzy yzygiderli kämilleşdirýäris, täze tehnologiýalary özleşdirýäris we halkara tejribeleri öwrenýäris.
Watanyň ykdysady serhetlerini goramak mukaddes borçdur. Biz bu borjy halal zähmetimiz, ýokary jogapkärçiligimiz we Watana bolan söýgimiz bilen ýerine ýetirmäge çalyşýarys. Hormatly Prezidentimiziň döredip berýän giň mümkinçilikleri netijesinde gümrük ulgamynyň işgärleri üçin hem ähli şertler üpjün edilýär. Munuň özi bizi täze üstünliklere ruhlandyrýar, halkymyza we döwletimize bolan hyzmatymyza bolan ynamy has-da güýçlendirýär.
Parahatçylygyň, ösüşiň we abadançylygyň ýolunda ynamly öňe barýan Türkmenistanda gümrük gullugynyň harby gullukçylary hem döwletimiziň gülläp ösmegine mynasyp goşant goşmagy özleriniň iň uly borjy we buýsanjy hasaplaýarlar.
Tahyr ÝOLDAŞOW,
Lebap welaýat gümrükhanasynyň harby gullukçysy, maýor.

