BIZE YAZYARLAR

Watanyň nurana geljegi

Halkymyz ynsan saglygyny goramaklyga we sagdyn ýaşaýşa, sagdyn durmuş ýörelgelerine asyrlarboýy aýratyn üns berip, çagalarynyň ýaşlykdan arassaçylyk kadalaryna eýermekleri, sagdyn iýmitlenmekleri, sagdyn durmuşy, zähmeti söýýän adamlar bolup ýetişmekleri üçin ähli şert-mümkinçilikleri döretmekligi öz borjy saýypdyr, bu ugurda kämil kadalary, düzgünleri durmuş mekdebiniň ýol-ýörelgesine öwrüpdir. Berkarar ýurdumyzda jemgyýete sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, raýatlaryň köpçülikleýin sport we bedenterbiýe bilen meşgullanmagyny gazanmak babatda geçirilýän işleriň netijesinde sagdyn hem ruhubelent nesil kemala gelýär. Nesilleriň sagdynlygy hakyndaky alada ýurdumyzyň bagtyýar hem abadan geljegi baradaky aladadyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň aýdyşy ýaly, «Ýaşlarymyzyň ruhy-ahlak, medeni, aň-bilim we beden taýdan ösüşine uly ähmiýet berýäris. Çünki ylymly-bilimli, sagdyn ýaşlar döwletimiziň kuwwatly güýjüdir, nurana geljegidir».
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde saglygy goraýyş ulgamy uly ösüşlere eýe bolup, onda halka edilýän hyzmatlar dünýä hil derejesine ýetirildi. Şeýle-de bu maksatnama boýunça geljegimiz bolan çagalaryň berk bedenli bolmaklary, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermekleri üçin Diýarymyzda toplumlaýyn işler durmuşa geçirilýär.
Jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň saglygyny goramak, berk bedenli we ruhy taýdan sagdyn nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek, bedenterbiýäni we sporty ösdürmek döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Kabul edilýän kanunlarda, giň gerimli özgertmeleri öz içine alýan maksatnamalarda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň esasy ugurlary aýdyň şöhlelenýär. Olarda saglyk maksatly binalary gurmak, ýaşlaryň sagdyn ýaşaýşyny üpjün etmek üçin şert-mümkinçilikleri döretmek, ýaş nesli sporta we bedenterbiýä çekmek babatda çäreler kesgitlenendir. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» hem bellenen döwürde saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmegiň esasy wezipeleriniň, ilkinji nobatda, keselleriň öňüni almakdan we saglygy berkitmekden, jemgyýetçilik saglygy goraýşy, saglygy goraýyş ulgamyny döwletiň we jemgyýetiň ösüşine laýyklykda ösdürmekden, ilatyň saglygynyň iň ýokary derejede bolmagyny we adamyň sagdyn durmuşda uzak ýaşamagyny gazanmakdan ybaratdygy barada aýdylýar.

Agamyrat ROZYÝEW,
Lebap welaýat onkologiýa hassahanasynyň anesteziolog reanimatolog lukmany.