“Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022-2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň” çäklerinde Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän döwlet Baştutanymyz röwşen geljegi nazarlaýan özgertmeleriň çuňňur ylmy binýadynyň kemala gelmegi üçin ylym-bilim ulgamynyň ösdürilmegi ugrunda giň gerimli çäreleriň durmuşa
geçirilmegine aýratyn ähmiýet berýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlara berilýän bilimiň ýokary derjede bolmagy ýurduň ykdysady kuwwatynyň geljegine göniden-göni täsir edýär. Ýaşlara bilim bermek işini ylmyň döwrebap gazananlaryndan, olaryň gündelik ulanýan zatlary bolan internet ulgamyndan, kompýuterden şeýle-de el telefonlaryndan ýerlikli peýdalanmak arkaly alyp barmak çagalar baglarynda hem okuw sapaklaryny ylmy esasda guramagyň ähmiýetini atrdyrýar.
Çagalar baglarynda terbiýeçileriň zähmeti önümçilikde işleýän ähli işgärleriň iş ýöredişinden tapawutlanýar. Terbiýeçileriň sapaga taýýarlygy, onuň ýokary psihologiki işjeňligi, körpelere sapagy sada dilde düşündirmegi sapagyň has-da täsirli bolmagyna we geljekde çagajyklaryň bilim derjesiniň kämil
bolmagyna getirýär.
Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda ösüş gazanmak üçin orta mekdeplerde we çagalar baglarynda bilim bermegi kämilleşdirmegi döwrüň esasy talabyna öwürmeli. Türkmen jemgyýeti täze ösüş tapgyryna gadam basdy, döwür bilen aýakdaş gitmek bizden ýaşlara döwrebap bilim bermegi talap edýär. Bilim
ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeler belent maksatlary nazarlaýar we şeýlede maksada ýetmekde bilim bermegi kämilleşdirmegi talap edýär.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda bilim ulgamynda uly işler durmuşa ornaşdyrylýar, beýik maksatlar rowaçlanýar. Bilim ulgamyna ornaşdyrylýan täzelikler döwrebaplygy, milli bähbitlere laýyk gelýänligi bilen tapawutlanýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesil hakynda uly aladalar edilýär, ýaş nesliň bilim-terbiýe öwrenmekleri üçin giň mümkinçilikleri döredýän Millid Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, başlary dik, beýik işleri üstünliklere beslensin!
Rozbike HOJAÝEWA,
Darganata etrabyndaky 4-nji Çagalar bagynyň müdiri.