BIZE YAZYARLAR

Watanyň daýanjy ýaşlar!

“Pähim paýhas ummany Magtymguly pyragy” ýylyna hormatly Prezidentimiziň sowgady bolan “Ýaşlar-Watanyň daýanjy” atly ajaýyp kitap ýaşlara işde, okuwda, döredijilikde ýakyn gollanma bolar. Watanymyzyň sungatyny medeniýetini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak üçin ýaşlara uly ynam bildirilýär. Halkymyzy beýik işlere ruhlandyrýanGahryman Arkadagymyz, Milli Liderimiz talyp ýaşlar bilen duşuşyklary yzygiderli geçirmeginiň zerurlygy hut şunuň bilen şertlendirilendir. Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýokary ahlaklygyň hem-de eziz Watanymyza we halkymyza çäksiz söýginiň belent nusgasyny görkezýär.

Geljegimiz bolan ýaşlaryň hemmetaraplaýyn ösen, ruhy taýdan sagdyn, işbaşarjaň hem zehinli bolup ýetişmekleri üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Häzirki ajaýyp döwrümizde halkymyzyň uzak taryhyň dowamynda toplan, kämilleşdiren baý durmuş tejribesine, häzirki zaman ylmynyň, medeniýetiniň gazananlaryna daýanylyp, türkmen ýaşlarynyň bilim, ylym, medeni we ruhy taýdan sazlaşykly ösmegine giň mümkinçilikler döredilýär.
Ynha şol döredilýän mümkinçiliklere jogap edip Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň agzybir zähmetsöýer mugallymlary we talyp ýaşlary özleriniň güýjini gaýgyrman zähmet çekýärler.
Lebap welaýat ýörite sungat mekdebinde uçurumlaryň ýekelikdäki konsertleri dowam edýär. Mekdebi tamamlap gelýän uçurumlar özleriniň ýerine ýetirijilik ussatlygyny görkezmek üçin saýlap alan hünärleri boýunça ýekelikdäki konsert çykyşlaryny tomaşaçylara tiz-tizden ýetirip durýarlar. Olardan biri hem fortepiano bölüminiň 4-nji ýyl talyby Azadow Baýram özüniň halypalary Täjihalowa Rano Semenderowna, Akyýewa Gülşat Rozykulyýewna mugallymlaryň gymmatly maslahatlaryny üns bilen diňläp, ol doly berjaý edip tomaçylara konsert çykyşyny ýetirimäni başardy.
Konsertiň başynda görnükli türkmen kompozitory Nury Halmammedowyň “Söýgi hakda monolog” aýdymyny “Aýdym aýtmak sungaty” bölüminiň 3-nji ýyl talyby Gaýypow Ata bilen Azadow Baýram sazandarlyk etmeginde bilelikde ýerine ýetirdiler. Başga-da Azadow Baýram, Gaýypow Ata we kakylyp çalynýan saz guralda Berdiýew Ruslan bilen bilelikde Arno Babadžanýanyň “Благодарю тебя”; “Будь со мной”; “Королева красоты” aýdymlaryny ussatlarça ýerine ýetirdiler. Bu owadan, şadyýan gulaga ýakymly liriki aýdymlar 70-nji ýyllaryň belli aýdymlary. Bulary sazandalar we solist kompozitoryň stilini duýup tomaşaçylara ýetirmäni başardylar we gyzgyn el çarpyşmalara mynasyp boldular. Ýene şol talyplaryň ýerine ýetirilişiginde Aleksandr Warlamowyň “Вдоль по улице метелица метёт” aýdymy ýerine ýetirdiler. Bu aýdym hem şadyýan hereketli häsiýetde bolup tomaşaçylarda örän tasir galdyrdy hem-de Joakkino Rossininiň “Sewilskiý sirýulnik” operasyndan “kawatino Figaro” aýdymly sahnany ýerine ýetirdiler. Talyp ýaşlaryň hyjuwly häsiýetde operanyň gahrymany figaronyň obrazyna girip sahnalaşdyrylyp ýerine ýetirilen bu eser konserte gatnaşyjylara ruhy lezzet paýlap, olaryň şatlygyna şatlyk goşdy.

Konsertde Azadow Baýram ýekelikde Genri Kuznýakyň “Regtaým” eserini, azerbeýjan kompozitory Wagif Mustafazadeniň “Mart” eserini ussatlarça ýerine ýetirdi. Bu çylşyrymly eserlerde her kompozitoryň saz dilini we öz aýratynlygyny duýup tomaşaçylara ýetirmek örän kyn we kän tejribäni talap edýär. Akyýewa Gülşat mugallymyň okuwçysy Azadow Baýram şol kynçylyklary konsertde oturan tomaşaçylara aýratynlygyny görkezmegi başardy.
Soňra Azadow Baýram we Berdiýew Ruslanyň sazandarlyk etmeginde “Kirişli saz gurallary” bölüminiň ýaş mugallymy Çaryýew Merdan bilen bilelikde Ýakob Gade “Tango” eserini, Nikolaý Beknazarow “Sygan wengerkasy” atly baýramçylyk, şadyýan hasiýetli uly göwrümli eserleri ussatlarça ýerine ýetirdiler we tomaşaçylarda örän tasir galdyrdylar. Başga-da Ferens Listiň      2-nji Wenger rapsodiýasyny “Türkmen milli saz gurallary” bölüminiň uçurymy Goçkarow Husnutdin bilen bilelikde Azadow Baýramyň sazandarlyk etmeginde ýerine ýetirdiler. Bu eseriň çylşyrymly häsiýetini ýaş sazandalar ussatlarça görkezdiler.
Konsertiň soňunda Azadow Baýram öz halypasy, “Fortepiano” bölüminiň mugallymy Akyýewa Gülşat Rozygulyýewna we kontrabas saz guralynda “Kirişli saz gurallary” bölüminiň mugallymy Çaryýew Serdar Allaberdiýewiç hem-de kakylyp çalynýan saz guralynda 3-nji ýyl talyp Berdiýew Ruslan dagylar bilen bilelikde Nataliýa Kapitanowanyň, sowet döwrüniň belli kino sazlaryndan düzülen sazlar çemeninden iki sanysyny ýerine ýetirdiler. Bu sazlar çemenleri diňleýjilere ruhy lezzet paýlady, ýerine ýetirijileriň joşgunly çykyşlarynyň, nepis owazlanmasy diňleýjileriň gyzgyn el çarpyşmalaryna mynasyp boldular.
Gadymdan gelýän milli mirasymyzy, medeniýetimizi we sungatymyzy aýap saklamakda, dünýä ýüzüne ýaýmakda, hünär ussatlyklaryny ýüze çykarmakda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalaryna jogap edip, Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymlary we talyplary döredijilikli zähmet çekýärler. Ýurdumyzyň geljekki ýaş nesilleri üçin şeýle uly aladalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, umumadamzat ähmiýetli döwletli işleri rowaçlyklara beslensin!

Nasiba BAKIÝEWA,
Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň
“Umumy fortepiano ” bölüminiň mugallymy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: