Gülläp ösýän ata Watanymyzda bilimde, saglygy goraýyşda, medeniýetde, ykdysadyýetde, umuman, halk hojalygynyň ähli ugurlarynda amala aşyrylýan ajaýyp özgertmeler halkymyzyň bagtyýar durmuşyny dabaralandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň geljegi hasaplanylýan ýaşlar baradaky alada döwletimizde esasy wezipeleriň biri hökmünde kesgitlenildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe olaryň döwletiň we jemgyýetiň durmuş-ykdysady, syýasy we medeni durmuşyna doly hukukly gatnaşmagy, şeýle-de ýaşlarda ruhy-ahlak gymmatlyklaryny hem sagdyn durmuş ýörelgelerini has-da ösdürmek, olary watançylyk, ynsanperwerlik we zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemek üçin mundan beýläk-de örän oňaýly şertleriň döredilmegine aýratyn üns berilýär.
Ýaşlaryň jemgyýetde mynasyp orny eýelemegi, köpçülikleýin çärelere işjeň gatnaşmagy we saýlap alan ugry boýunça kämilleşmegi ugrunda döwlet tarapyndan alnyp barylýan ýaşlar syýasatynyň ähmiýeti uly bolup, ýurduň geljekki ösüşi şol syýasat bilen aýrylmaz baglydyr. Bu ugurda hormatly Prezidentimiz tarapyndan ylmy işler, barlaglar bilen meşgullanýan ýaşlary goldamak, ýaşlaryň kompýuter we dil sowatlylygynyň esaslaryny çuňňur özleşdirmeklerini gazanmak ýaly döwletli başlangyçlaryň giňden durmuşa geçirilýändigini bellemek gerek.
Häzirki döwürde ýaş türkmenistanlylara kämilleşmek hem-de özleriniň zehinlerini, ukyplaryny, mümkinçiliklerini äşgär etmek üçin döredilýän oňaýly şertler ýurdumyzda ýaşlar barada döwlet derejesinde çuňňur alada edilýändigine «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda göz öňünde tutulan wezipeleriň durmuşa geçirilmegi üçin ähli mümkinçilikleriň döredilýändigini, geljegimizi gurujylar hökmünde ýaşlaryň ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly, watansöýüji, ahlak we beden taýdan sagdyn bolup ýetişmegi üçin ähli tagallalaryň edilýändigini ýatlanymyzda hem göz ýetirmek bolýar.
Bilim almak, hünär öwrenmek türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda berk eýerip gelen durmuş kadasydyr. Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda bagtyýarlygyňdyr rowaçlygyň gözbaşy bolan ylym-bilim döwletimiziň ösüşiň täze belentliklerini nazarlaýan esasy ulgamydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilimiň we ylmyň jemgyýetimiziň döredijilik güýjüniň binýady hökmünde yzygiderli kämilleşdirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Eziz Diýarymyzda häzirki zaman kompýuterleri, tehniki enjamlary, interaktiw-multimedia tehnologiýalary bilen üpjün edilen çagalar baglary, orta we ýokary okuw mekdepleri guruldy.
Ýurdumyzda bilim ulgamyny dünýä ülňülerine laýyklykda yzygiderli kämilleşdirmek, ýokary okuw mekdepleriniň maddy-enjamlaýyn we hukuk binýadyny yzygiderli berkitmek, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryna erk edýän watansöýüji ýaşlary kemala getirmek babatda möhüm işler amala aşyrylýar. Taryhyň bütin dowamynda parahatçylygy we ynsanperwerligi ündäp, ylma-bilime, pähim-paýhasa belent sarpa goýup gelýän halkymyzyň bagtyýar nesilleri hökmünde eziz Watanymyza, ajaýyp durmuşymyza guwanmak, beýik geljegimiz üçin tutanýerlilik bilen okamak, öwrenmek, döretmek, gurmak, il içinde abraý-mertebä, sylag-hormata mynasyp bolmak ýaş nesilleriň mukaddes borjudyr. Bu mukaddes borjy berjaý etmegi belent mertebe hasap edýän türkmen ýaşlary bu günki günde Arkadagly Serdarymyzyň ýurdumyzy ählitaraplaýyn ösdürmek babatynda amala aşyrýan beýik işlerini özlerine nusga edinip, döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralarynda, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda — ylym, bilim, medeniýet, saglygy goraýyş ulgamlarynda, iň kämil innowasion tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan iri önümçilik kärhanalarynda döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ugrunda ruhubelent zähmet çekýärler.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň şahsy göreldesi ýaşlara diňe bir beden taýdan taplanmagy däl, eýsem öz erk-isleglerini pugtalandyrmaga, islendik çylşyrymly ýagdaýlary ýeňip geçmäge, okuwda, işde täze üstünlikleri gazanmakda erjel we tutanýerli bolmaga, saýlap alan hünärinde kämilleşmäge uly höwes döredýär. Türkmen halkyny nurana ertirlere ynamly öňe alyp barýan türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, başlary dik, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli döwletli tutumlary üstünliklere beslensin!
Aýsoltan AKMYRADOWA,
Türkmenabat lukmançylyk orta okuw mekdebiniň önümçilik tejribäniň ýolbaşçysy.
