Ýurdumyzyň geljegine deňelýän kämil ýaşlaryň kemala gelmegi eziz Diýarymyzda bu babatda döwlet derejesinde edilýän nusgalyk aladalar bilen baglanyşyklydyr. Şeýle aladalaryň bolsa hereket edýän kanunçylyk namalaryna hem-de maksatnamalara daýanmagy bu ugurdaky işleriň netijeliligini ýokarlandyrýar. «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanuny ýurdumyzda ýaşlar baradaky giň gerimli aladalaryň hukuk binýady bolmak bilen, ol ýaşlaryň ylym-bilimli bolmagynda, döredijilikli zähmet çekmeginde, ýaş maşgalalaryň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da gowulanmagynda möhüm ähmiýete eýe bolýar.
Bagtyýarlyga beslenýän döwrümizde ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen uly özgertmeler, il-ýurt bähbitli işler durmuşa geçirilýär. Bu beýik işlerde ýaşlaryň uly ornunyň bardygyny bellemek has-da buýsançlydyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belent ynamyna eýe bolan bagtyýar ýaşlarymyz dürli pudaklarda netijeli zähmet çekmek bilen, milli hem-de döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde yhlas-başarnyklaryny gaýgyrmaýarlar.
Goý, ýurdumyzyň gülläp ösmegine giň ýol açan, ýaşlaryň bagtyýar geljegi barada uly alada edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Göwher KURBANOWA,
Çärjew etrabyndaky tebigy ugurlara ýöriteleşdirilen 31-nji orta mekdebiň başlangyç synp mugallymy.

