BIZE YAZYARLAR

Watanymyň göwher gaşy – Aşgabat

Gözel paýtagtymyz, ata Watanymyzyň ýüregi, Aziýanyň merjeni, ýurdumyzyň göwher gaşy, parahtaçylygyň, asudalygyň ösüşiň merkezi seniň tarypyňy nähili ýetirsek azdyr. Ak bulutlar bilen bäsleşýän ak mermer binalar ata Watanymyzyň, mähriban halkymyzyň ýagşydan-ýagşy arzuwlarynyň wysalydyr.
Asyrlaryň dowamynda Garaşsyz döwleti arzuwlap gelen milletimiz bugun dünýäniň jenneti saýylýan ülkede bagtyýar ýaşaýarlar. Alym Arkadagymyzyň ruhy dünýäsiniň, zehin başarnygynyň , ösüşe beslenen beýik taglymatynyň miwesi bugun ýurdumyzy gün çogy kimin şöhlelendirýär.
Dünýäde nusgalyk şähere öwrülen ak Aşgabadymyz ekologiýa abadançylygyň, kämil tehnologiýalaryň, ýaşaýjylar we myhmanlar üçin iň amatly şertleriniň döredilen künjegidir. Parahatçylygy dörediji merkez hökmünde tanalýan ak şäherimizde iri halkara çäreler, sport ýaryşlary, halkara ylmy-amaly maslahatlar yzygiderli geçirilýär. Ajaýyplyga, gür baglyga, ter güllere beslenen ajaýyp şäherimize dürli ýurtlardan gelýän jahankeşdeler haýran galýarlar. Ginnesiň
rekordlar kitabyna dünýäniň iň Ak şäheri diýip girmegi başaran paýtagtymyz gadymdan otyrymly Aşgabat obasynyň, ulalyp şu derejä ýetmegi esasynda emele gelen diýip aýdylýar. Taryhda şu çäkde Aşgabat obasy bolup ol ýerde sanalgy öý bolupdyr diýip ýaşuly nesil gürrüň berýär.
Gahryman Arkadagymyzyň umumyadamzat bähbidine gönükdirilen arhitektorçylyk zehini esasynda Aşgabat şäherimiz gün-günden ulalýar, binalaryň sany artýar. Aşgabat şäheriniň diňe bir özi Ginnesiň rekordlar kitabyna girmän eýsem, şäheriň desgalarynyň hem birnäçesi bu kitaba girmegi başardy.

MÄMEDOWA Mähriban,
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: