BIZE YAZYARLAR

Watanymy söýýärin

Watanyny çyndan söýýän adamyň,
Kalby joşup ýazar ýürekde baryn,
Gijemi, gündizmi, goýmaz galamyn,
Bütin ömür men seniň wepadaryň.

Baharmy, ýa gyşmy, bellisi bolmaz,
Baýramlar gurnalar edil ýaz ýaly,
Mylaýym howadan hiç doýup bolmaz,
Ülkämiň çar ýany owazdan doly.

Müdimi bagtym sen eziz watanym,
Taryp etsem, tükeniksiz mukamdyr,
Başyma täç edip seni dakanym,
Şeýle ajaýyp ýurt ýene barmydyr.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz,
Berk galadyr öz halkynyň daşyna,
Gerek bolsa watan üçin janymyz,
Goýarys säginmän, serim başymyz.

Selbi IMAMOWA,
Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň IV-nji ýyl talyby
“Türkmenistanyň Prezidentiniň” talyp hakynyň eýesi.