Lebap welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Türkmenabat şäher Geňeşiniň hem-de Türkmenabat şäheriniň Çagalar çeperçilik mekdebi bilen bilelikde guramaklarynda Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi we gezelenç gurnaldy.
Oňa il ýaşululary, kümüş saçly eneler, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri hem-de Çagalar çeperçilik mekdebiniň mugallymlary we okuwçylary, şeýle hem talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Türkmenabat şäher Geňeşi, Türkmenabat şäheriniň Çagalar çeperçilik mekdebi, beýik Watançylyk urşy muzeýi bilen bilelikde yglan eden «Gahryman gerçekleriň keşbi ýaş nesilleriň kalbynda» atly surat bäsleşiginiň ýeňijileri hem sylaglandy. Soňra Türkmenabat şäheriniň Beýik Watançylyk urşy muzeýiniň gurnan sergisine syn edildi.