Watançylyk terbiýesi nesillerde
Berkarar Watanymyzyň röwşen geljeginiň binýadyny tutjak edep-terbiýeli, bilimli, giň
dünýägaraýyşly, sagdyn ruhly ýaşlary kemala getirmek her bir adamyň öňünde durýan esasy
wezipedir. Türkmen halky gadymy halk, onuň däp-dessurlary, edim-gylymlary, edep-terbiýesi
gadymy döwürlerden bäri dowam edip gelýär. Ata-babalarymyz maşgala mukaddesligi,
çagalarynyň edep-terbiýeli adamlar bolup ýetişmegi babatda nusgalyk ýoly miras goýupdyrlar.
Türkmen maşgalasynda ata-enä, Watana, topraga bolan hormat uludyr.
Häzirki wagtda ýurdumyzda halkymyzyň asylly ýörelgelerine eýerip, mynasyp nesli kemala getirmek babatda uly işler alnyp barylýar. Orta mekdeplerde mekdep okuwçylarynyň arasynda ýörite zähmet sapaklaryndan oglanlara ussaçylyk işleriniň, gyzlara bolsa, ene-mamalarymyzdan miras galan el işleriniň we aşpezlik sungatynyň öwredilmeginiň hem, ýaşlarymyzy terbiýelemekde uly ähmiýeti bardyr. Bu bolsa, ýaşlaryň Watana bolan söýgüsini has-da berkidip, geljege bolan ynamyny artdyrýar. Halkyň ýaşaýyş-durmuşy bilen deň derejede ösüp, edep-terbiýe kämilleşýär, arkama-arka dowam edýän ýörelgelere öwrülýär. Ata-babalarymyz nesillere asylly däpleri, halallyk ýoluny hem-de edep-terbiýäni miras goýupdyr.
Asyllylyk, halallyk, Watana wepalylyk, zähmetsöýerlik ýaly ýörelgeleri ýaşlaryň aňyna guýmak
döwrümiziň esasy wezipeleriniň hatarynda durýar, hut şonuň üçinem her bir maşgalanyň,
jemgyýetçilik guramalarynyň, medeniýet, bilim-terbiýeçilik edaralarynyň işgärleriniň borjy edebi mirasymyzdan, şöhratly taryhymyzdan, milli däp-dessurlarymyzdan ugur alyp, ýaş nesillerimizi döwrebap terbiýelemekden ybaratdyr.
Halkymyz zähmete bolan söýgüni, öz ukybyna görä hünär saýlamagy esasy şertleriň biri hasaplapdyr. Ýaşlary zähmetiň üsti bilen terbiýelemekde, atalar sözüne we nakyllara ýygy-ýygydan ýüzlenipdirler. Ata-babalarymyz halal çekilen zähmetiň ýagty geljegiň kepili bolýandygyny öz nusgalyk işleri bilen subut edipdirler. Biz hem Türkmenistanda Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasyndan ugur alyp «Çekseň zähmet — ýagar rehnet», «Halal zähmet — baky döwlet», «Az-az öwrenip, ussa bolarsyň, işlemeseň, hassa bolarsyň», «Hünärli ýigit — miweli agaç» ýaly müňlerçe parasatly sözlere salgylanyp wagyz-nesihat çärelerini yzygiderlilikde geçirip durýarys.
Mahlasy, bagtyýar zamanamyza aýdym bolup gelýän arzyly günleriň gujagynda ýaşamak we işlemek, döretmek we gurmak biz ýaşlar üçin uly bagtdyr. Bu bagtdan paýly bolan ýaşlar üçin bolsa, taryhy işlere gatnaşmak mertebe hem beýik derejedir. Şeýle buýsanjyň eýeleri bolan türkmen ýaşlarynyň Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza bolan alkyşlary çäksizdir.
Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Şahnoza GAPPAROWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Köýtendag etrap
Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň
sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.