BIZE YAZYARLAR

Watançy şahyr Magtymguly

Magtymgulynyň şahyryň setirlerinden biz özümize gerekli paýhasly sözleri, jaýdar maslahatlary, göwnüňe hoş ýakýan pikirleri, düşünjeleri tapyp bilýäris. Ol setirlerde biziň geçmişimiz, şu günümiz we geljegimiz bar. Ösüp gelýän ýaş nesilleri terbiýelemekde, olarda il-ýurt, Watan mukaddesligi, agzybirlik, arkalaşyk, dost-doganlyk ýaly duýgulary kemala getirmekde şahyryň şygyrlary gory gowzamaýan hazyna mysalydyr. Ata-babalarymyz Garaşsyzlygyň, özbaşdak döwletliligiň arzuwynda ýaşapdyrlar. Olaryň arzuw-hyýallary şol agyr döwürde ýaşap, milletimiziň diline we ar-namysyna öwrülen akyldarlarymyzyň, şahyrlarymyzyň, danalarymyzyň döredijiligine, pähim- paýhasyna uly täsir edipdir. Olar akyldar şahyryň döredijiliginde özüniň çuňňur beýanyny tapypdyr.
Gahryman Arkadagymyz beýik şahyra: «Magtymguly Pyragy synmaz, özygtyýarly türkmen döwletini, agzybirligi, jebisligi arzuw eden hakyky watançydyr» diýip, jaýdar baha berýär. Munuň özi türkmen halkynyň Garaşsyzlyga eýe bolup, agzybir, sarsmaz döwlet gurmagynda şahyryň uly ornunyň bardygyny aňladýar. Mundan başga-da, Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän we türkmen halkyna peşgeş beren «Döwlet guşy» romanynda-da Magtymguly Pyragy barada gymmatly maglumatlar berilýär. Haçan-da, Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet guşy» romanyny okanyňda, beýik söz ussadynyň ynsanperwerlige, halallyga, agzybirlige, jebislige, mertlige, şeýle-de ruhubelentlige çagyrýan şygyrlary romanyň wakalary bilen sazlaşyp gidýär. Bu romanyň hormatly Prezidentimiziň ýiti paýhasydygyny, kämil ylhamydygyny, mundan başga-da, döredijilikdäki öndümli miwesidigini aýratyn bellemelidiris.
Watançy şahyr Magtymgulynyň gahrymançylyk, il-ýurt, agzybirlik, birleşmek hakyndaky şygyrlary onuň döredijiligine iň görnükli orunlaryň birini eýeleýär.
Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, Magtymguly Pyragynyň türkmen halkynyň öňündäki in uly hyzmatlarynyň biri onuň agzybirlik ugrundaky tagallasydyr. Berkarar döwleti döretmek barada arzuw eden beýik şahyryň we akyldaryň röwşen umyt-garaýyşlarynyň hakdygyny taryh subut etdi.
Magtymguly Türkmenistanyň, aýratyn hem öz önüp-esen ýeri bolan Etrek, Gürgen töwerekleriniň giň, gözel we hasylly sähralaryny, daglaryny, tebigy baýlyklaryny, goç ýigitlerini taryplaýar. Şahyryň “Ýeli Gürgeniň” goşgusynyň şu setirleri-de oňa güwä geçýär:
Öňünde belent dag, serinde duman,
Deňizden öwüser ýeli Gürgeniň.
Bulut oýnap, baran dolsa çaýlara,
Akar boz bulanyp, sili Gürgeniň,
Örän çylşyrymly döwürde ýaşan Magtymguly öz döwrüniň her bir nogsanlyklaryna, ýaramaz hadysalaryna ýakyndan seslenip, köňül eleginden geçirip, olary berk ýazgaryp dyr, olaryň öňüni almagy öz döwrüniň esasy wezipesi hasap edipdir hem-de türkmenleri agzybirlige, özara birleşip döwlet döretmäge çagyrypdyr.
Türkmeniň beýik akyldary, şygyr sungatynyň parlak ýyldyzy Magtymguly Pyragy ähli milletleriň, ähli döwürleriň umumy adamzat şahyrydyr. Magtymguly Pyragy sözüň güýji, gudraty bilen şygryýet äleminde ady arşa galan beýik akyldar şahyrdyr.

GURBANOWA Gülçemen,
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň
dil öwreniş bölüminiň 101-nji okuw toparynyň talyby.