BIZE YAZYARLAR

Watan perzentlerine belent hormat!

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen, hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň parasatly baştutanlygynda häzirki günde ýurdumyzyň harby-hukuk goraýjy edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýady barha berkedi. Şol bir sanda harby-hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleriniň ýaşaýyş-durmuş derejesi babatynda hem yzygiderli aladalar edilýär. Watan goragçylarynyň güni mynasybetli Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň işgärleri üçin Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde 2 sany 4 gatly 24 öýli, Mary welaýatynyň Mary şäherinde 1 sany 4 gatly 24 öýli döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň şeýle-de gözel paýtagtymyzyň Bagtyýarlyk etrabynyň Çoganly ýaşaýyş toplumyndaky Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky ýaşaýyş jaý toplumynda kottež görnüşli döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň nobatdaky tapgyrynyň uly toý-baýrama beslenip açylyp ulanylmaga berilmegi bolsa munuň aýdyň subutnamasydyr. 
Başymyzyň täjine deňeýän Watanymyza, mähriban halkymyza, hormatly Belent Serkerdebaşymyza päk ýürekden mynasyp gulluk etmek her bir Watan goragçysyna baky hemra bolsun! Goý Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, beýik işleri hemişe rowaç bolsun!

Hemra NURMÄMMEDOW,
Türkmenabat şäheriniň prokurorynyň uly kömekçisi, 1-nji derejeli ýurist.