BIZE YAZYARLAR

Watan mukaddesligi

Pederleriň nusgalyk durmuş we zähmet ýollary, baý mazmunly sözleri, watanperwerlik ýörelgeleri ýyldan-ýyllara, asyrlardan-asyrlara aşyp, baky ýaşaýar. Sebäbi bu düşünjeler türkmen halkynyň dogup-döräp kalbyna ornaşan mukaddes düşünjelerdir. Bu mukaddeslik Oguz hanyň wesýetleri, Gorkut atanyň öwütleri, Jygaly begiň pentleri arkaly nesilleriň durmuş ýörelgesine ornapdyr. Halk döredijiligimiziň ähli görnüşlerinde watançylyk terbiýesi uly orun eýeleýär. Nusgawy şahyrlarymyzyň döredijilik dünýäsiniň liriki gahrymanlarynyň ene toprak, ata Watan bilen bagry badaşan. Diýmek, Watan mukaddesligi, Watan söýgüsi görelde bilen, söz bilen indiki nesillere ýetirilýär.
Watansöýüjilik asyl türkmeniň ulusynyň, kiçisiniň süňňüne siňen. Sebäbi bu düşünje ynsan üçin ýeke-täk bolan mukaddes Watana söýginiň çuň many aňladýan gysga sözde jemlenmesidir we türkmen halkynyň milli häsiýetiniň esasy aýratynlyklarynyň biridir. Şeýlelik-de, watançylyk terbiýesi halkymyzyň nesil terbiýesiniň gönezligidir. Bu terbiýe ata pendinden, ene hüwdüsinden gözbaş alýar we ynsan balasynyň aňyna ornaýar. Hormatly Arkadagymyzyň «Mertler Watany beýgeldýär», «Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar» atly eserlerinde ata-babalarymyzyň miras galdyran: mertlik, watansöýüjilik, gaýratlylyk we peder ýollaryna wepalylyk ýaly milli ýörelgeleri taryhymyz hem-de şu günümiz bilen baglanyşykly beýan edilýär. Milli Liderimiz „Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar“ atly eserlerinde pederi Mälikguly Berdimuhamedowyň ündän şahsy göreldesi hakynda: «Mähriban kyblamyň ömür ýoly maňa nusgalyk ýol, onuň asylly, beýik ahlak sypatlary meniň idealym, meniň durmuş uniwersitetim» diýip, buýsanç bilen belleýär. Bu ýol – Watana, halka çäksiz söýgi bilen geçilen ýol. Bu ýol- watansöýüjiligiň beýik mekdebi. Pederleriň watansöýüjilik, mertlik we zähmetsöýerlik ýörelgelerinden gözbaş alyp gaýdýan ýol nesillerde dowam edýär, indiki nesle geçirilýär. Peder ýörelgeleri nesillerde ahlak sypatlarynyň kemala gelip, durmuşda kämillige ýetmeginde uly ähmiýete eýedir. Mälikguly Berdimuhamedowyň ata Watany keramat, ene topragy mukaddes saýyp döreden şahyrana setirleri nesiller üçin terbiýe mekdebidir. Sebäbi watansöýüjilige ýugrulan setirleriň gymmaty hiç wagt könelmeýär, ýitmeýär. Watana, il-güne çäksiz söýgi hemişe ynsanyň kalbyny eýeläp durýar.
Watany başyna täç edip, ony jan-dilden söýen mert ogullar halkymyzyň buýsanjy hem guwanjydyr.
Watan diňe jemgyýetçilik düşünjesi däldir, Watan adamyň içki, pynhan duýgusyna öwrülip bilýän ýeke-täk jemgyýetçilik gymmatlygydyr. Onuň üýtgeşik mukaddesligi-de şu ýerden gelip çykýar.
Bu topraga biziň örkümiz bagly. Üns berseňiz, türkmen dilinde «toprak» sözi XX asyrda Watan manysyny berip başlandyr. Nusgawy pelsepämizde hem nusgawy dünýäni duýşumyzda biz, köplenç, asmana ymtylýardyk. Emma iň uly mukaddeslik şu toprak ekeni. Biziň ähli ýeňişlerimiz, şatlyk-hasratymyz, gowgaly hem parahat geçmişimiz, bar buýsanjymyz hem mukaddesligimiz şu topragyň goýnunda eken.
Türkmen Watanyny özi üçin iň arzyly hem mukaddes zada — gözüniň görejine deňeýär. Gözüň göreji — zerurlygy, gymmatlygy has köp nygtaýar, çünki göz adamyň durmuşy zerurlygy bilen baglanyşykly. Watan ömrüň, ýaşaýşyň manysy. Watan buýsançly başyň, şatlyk-mertebäň güwäsidir. Watan — başyňy belent tutup ýaşamagyň, işlemegiň kepilidir!

Enejan BABAKULYÝEWA,
Çärjew etrabynyň ýöriteleşdirilen 42-nji orta mekdebiniň rus dili mugallymy.