BIZE YAZYARLAR

Watan goragy — mukaddes borç, gulluk abraý mekdebi

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde milli howpsuzlygy pugtalandyrmak, serhet howpsuzlygyny üpjün etmek, raýatlaryň asuda we abadan durmuşda ýaşamagy üçin ygtybarly şertleri döretmek ugrunda giň gerimli işler amala aşyrylýar. Bu beýik tagallalaryň netijesinde harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli pugtalandyrylýar, harby gullukçylaryň gulluk etmegi, ýaşaýşy we dynç alşy üçin döwrebap mümkinçilikler döredilýär.
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby gullukçylary hem bu jogapkärli wezipeleri abraý bilen ýerine ýetirýärler. Döwletimiziň migrasiýa syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde, kanunçylygyň berk berjaý edilmeginde, ýurdumyza gelip-gidýän raýatlar üçin amatly şertleriň döredilmeginde gullugyň işgärleriniň mynasyp paýy bardyr. Harby düzgün-tertip, ýokary jogapkärçilik, Watançylyk ruhy we kanuna wepalylyk biziň gündelik gullugymyzyň esasy ýörelgeleridir.
Berkarar ýurdumyzda ýaş nesli harby watançylyk ruhunda terbiýelemäge hem aýratyn ähmiýet berilýär. Şonuň netijesinde harby gulluga gelýän ýaşlar häzirki zaman bilimlerinden baş çykarýan, beden taýdan sagdyn, ruhy taýdan berk, maksada okgunly nesil hökmünde kemala gelýärler. Olar üçin döredilýän giň mümkinçilikler ýaş harby gullukçylaryň hünär taýdan kämilleşmegine uly itergi berýär.
Döwlet migrasiýa gullugynyň harby gullukçylary gulluk borçlaryny ýerine ýetirmek bilen bir hatarda, ýurdumyzda geçirilýän baýramçylyk dabaralaryna, jemgyýetçilik çärelerine, sport bäsleşiklerine hem işjeň gatnaşýarlar. Bu bolsa olaryň diňe bir hünär taýdan däl, eýsem, beden we ruhy taýdan hem kämil şahsyýetler bolup ýetişýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralary üçin döredilýän şertler biziň jogapkärçiligimizi has-da artdyrýar. Şeýle beýik ynama mynasyp bolmak, döwletimiziň abadançylygynyň, parahatçylygynyň we kanunylygynyň bähbidine yhlasly zähmet çekmek her bir harby gullukçy üçin uly mertebedir.
Biz, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby gullukçylary, mukaddes Watanymyza, hormatly Prezidentimize we türkmen halkyna ak ýürekden gulluk etmegi özümiziň iň ýokary borjumyz hasaplaýarys. Berkarar döwletimiziň röwşen geljegi, halkymyzyň bagtyýar durmuşy ugrunda mundan beýläk-de yhlasly gulluk edip, döwletimiziň gülläp ösmegine mynasyp goşandymyzy goşarys.

Nurýagdy SATLYKOW,
Türkemnistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Lebap welaýaty boýunça müdirliginiň Dänew etrap bölüminiň harby gullukçysy.