«Watan goragçylarynyň gününe» bagyşlanan dabara
Türkmenabat şäher Beýik Watançylyk urşy muzeýiniň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Çärjew etrap komitetiniň bilelikde guramaklarynda «Watan goragçylarynyň güni» mynasybetli «Watan biziň başymyzyň jygasy, Watan nesilleriň tämiz sabasy» ady bilen dabara geçirildi. Ata Watanymyza bolan bimöçber söýginiň ýüze çykmasyna öwrülen bu watançylyk çäresine ýaşuly nesliň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, Türkmenabat şäherinde ýerleşýän harby bölümleriň gullukçylary, şeýle hem talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Dabarada Gahryman Arkadagymyzyň atasy, gaýduwsyz esger, ilhalar ynsan, ussat mugallym Berdimuhamet Annaýewiň Watan goragynda görkezen, ýaş nesiller üçin görelde mekdebine öwrülen gahrymançylygy, Watan mertebesiniň, Watan topragynyň mukaddesligi, ene topragy goramagyň, gözümiziň göreji ýaly ezizläp saklamagyň nesilleriň mukaddes borjudygy barada edilen çykyşlar uly
gyzyklanma bilen diňlenildi. Çäräniň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň beýik watançylyk taglymaty, peder ýörelgesini mynasyp dowam edýän hormatly Prezidentimiziň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilen parahatsöýüjilikli, ynsanperwer içeri we daşary syýasaty, döwletimiziň dost-doganlyga ýugrulan
hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň sebitde we dünýäde parahatçylygy üpjün etmekde eýeleýän möhüm ähmiýeti, 2025-nji ýylyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip, yglan edilmeginiň çuňňur mazmuny baradaky çykyşlar
hem aýratyn täsirli boldy. Dabara gatnaşyjylaryň bu ýerde ýerleşdirilen, Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda gerçek ýigitlerimiziň görkezen gaýduwsyzlygyny, ildeşlerimiziň tylda çeken gahrymançylykly zähmetini teswirleýän muzeý gymmatlyklary bilen tanyşmaklary, ýaş nesilleriň merdana pederlerimiziň şöhratly
ýoluna bolan buýsançlaryny artdyrdy.