Ýeňiş güni — halkymyzyň gahrymançylykly geçmişine, parahat durmuşyň gadyr-gymmatyna, Watan goragçylarynyň edermenligine çuňňur hormat goýulýan mukaddes senedir. Bu şanly sene mynasybetli Lebap welaýat gümrükhanasynyň harby gullukçylary Türkmenabat şäherindäki «Baky ot» ýadygärligine gül desselerini goýmak dabarasyna gatnaşdylar.
Dabara gatnaşyjylar Beýik Watançylyk urşunda edermenlik görkezen gahrymanlaryň, parahatçylyk ugrunda janlaryny pida eden gerçekleriň ýagty ýadygärligini uly hormat bilen hatyraladylar. Ýadygärlige goýlan gül desseleri nesilleriň gahryman ata-babalarymyza bolan çäksiz sarpasynyň, parahatçylyk we agzybirlik baradaky belent düşünjelere wepalylygynyň nyşanyna öwrüldi.
Lebap welaýat gümrükhanasynyň harby gullukçylary üçin şeýle çäreleriň terbiýeçilik ähmiýeti örän uludyr. Çünki Watan goragynda durýan her bir harby gullukçy ata-babalarymyzyň mertlik, watansöýüjilik, gaýduwsyzlyk ýolundan ruhlanyp, öz gulluk borjuny ak ýürekden berjaý etmegi mukaddes wezipe hasaplaýar.
Ýeňiş güni mynasybetli geçirilen bu dabaraly çäre halkymyzyň parahatçylygy, dost-doganlygy, agzybirligi hemişe belent tutýandygyny ýene bir gezek aýdyň görkezdi. Gahrymanlaryň edermenligi bolsa ýaş nesilleriň kalbynda watansöýüjilik duýgusyny pugtalandyrýan baky görelde bolup galýar.
Işanberdi ÇARYMYRADOW,
Lebap welaýat gümrükhanasynyň harby gullukçysy, uly leýtenant.

