Watan gerçekleri bakydyr, olaryň geçen şöhratly ýoly biziň her birimiz üçin nusgalyk mekdepdir. Hormatly Prezidentimiz häzirki döwürde Watan üçin söweşip, ýalynly ýyllaryň içinden geçen, juwan ýaşlygy şol ýowuz ýyllara gabat gelen ýaşuly nesillerimiziň uly hormat-sarpa, hemmetaraplaýyn alada bilen gurşalmalydygyny nygtaýar. 1941 – 1945-nji ýyllaryň urşunda gazanylan Ýeňşiň hormatyna her ýylda ýurdumyzda ýeňiş baýramy bellenilip geçilýär. Watan gerçekleriniň deňsiz-taýsyz gahrymançylygy, uruş ýyllarynda tylda zähmet çeken ak saçly enelerimiziň görkezen nusgalyk edermenligi, olaryň ýaş nesillerimizi watançylyk, gahrymançylyk, mertlik ruhunda terbiýelemekde we halkymyzyň agzybirligini, jebisligini berkitmekde alyp barýan asylly işleri, ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmäge goşýan goşantlaryna ýurdumyzda uly sarpa goýulýar.
Baýramçylyk mynasybetli biziň bilim-terbiýe ojagymyzda hem Bilim ministrligimiziň meýilnamasy esasynda «Watan gerçekleri merdana nesilleriň ýüreklerinde baky ýaşaýar» ady bilen aýdym-sazly dabara geçirildi. Çärä çagalar bakja-bagymyzyň körpeleri, terbiýeçileri şeýle-de mugallymlar gatnaşdylar. Çykyşlarda bellenişi ýaly, Watansöýüjilik, ynsanperwerlik, gaýduwsyzlyk, edermenlik türkmen halkynyň asyrlaryň dowamynda kemala gelen milli aýratynlyklarynyň biridir. 1941 — 1945-nji ýyllaryň şöhratly taryhyny, söweş meýdanlarynda şirin janyny gaýgyrman, hakyky gahrymançylyk görkezen, front üçin gijesini gündiz edip zähmet çeken watandaşlarymyzyň nusgalyk söweş hem-de durmuş ýollaryny nesiller üçin görelde mekdebidir. Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda başy başlanan we Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan möhüm syýasatynyň netijesinde Beýik watançylyk urşyna gatnaşanlaryň we sag aman yzyna dolanyp gelenleriň şeýle-de tylda zähmet çekenleriň, beýik ýeňşiň getiren parahat durmuşynyň şanyna her ýyl Ýeňiş baýramy diýarymyzyň dürli ýerlerinde uly dabaralar bilen bellenip geçilýär.
Baýramçylygyň dowamynda körpeleriň ýerine ýetiren aýdym- sazlary, tanslary örän täsirli boldy. Seýitnazar Seýdi adyndaky türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyplarynyň taýýarlan sahna oýny körpelerde ýatdan çykmajak pursatlary paýlady. Baýramçylygyň dowamynda körpeler we myhmanlar bu ýerde guralan sergä-de tomaşa etdiler. Sergide Beýik Watançylyk urşuna degişli, tylda çekilen zähmetiň fotosuratlary, şol döwürlere degişli gap-çanaklardyr gelin-gyzlarymyzyň taýýarlan el işleri ýaýbaňlandy. Çärä gatnaşanlar ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Gülşat AGAJANOWA,
Türkmenabat şäherindäki 51-nji çagalar bakja bagynyň müdiri.


