YKDYSADYÝET

Watan DES-de ýylyň ilkinji aýynda 160 müň kilowat-sagada golaý elektrik energiýasy öndürildi

Üstümizdäki ýylyň ilkinji aýynyň netijeleri boýunça Watan döwlet elektrik stansiýasynda 157 müň 510 kilowat-sagat elektrik energiýasy öndürilip, meýilnama 101,62 göterim berjaý edildi. Şeýle-de ýerine ýetirilen hyzmatlaryň möçberi 3 million 73 müň manada deň bolup, bu ugurda meýilnama 101,8 göterim ýerine ýetirildi.
Umumy kuwwatlylygy 254 megawatt bolan elektrik stansiýasy 2016-njy ýylda ulanylmaga berildi. Kärhanada ABŞ-nyň «General Electric» kompaniýasynyň kuwwatlylygy 127 megawatt bolan MS9001E görnüşli gaz turbinalarynyň 2-si hereket edýär. Elektrik energiýasy sarp edijilere 110—220 kilowolt açyk paýlaýjy gurluş arkaly ýetirilýär, stansiýada işçi-hünärmenleriň 70-e golaýy zähmet çekýär.