Biz Watanymyzy mukaddeslikleriň seresi saýýarys. Biz oňa ata Watan diýýäris. Watanyň topragyna ene ýer diýýäris. Watan biziň her birimiz üçin şeýle eziz, mähriban! Çagada ene-ata söýgi dünýä inen döwründen başlanýar. Ene süýdünden, hüwdisinden enä, Watana söýgi döreýär. Ol çaga kalbynda ebedilik orun alýar. Şoňa görä-de danalar enesini söýmedik, Watanyny-da söýüp bilmez diýýärler. Watana söýgi biraz ulalanyňdan soňra onuň gözel tebigatyndan, eşretlerinden döräp, ýüregiňe, aňyňa aralaşýar. Watany wasp etmeýän, söýmeýän şahyr ýokdur. Watançy şahyr Seýitnazar Seýdiniň döredijiliginde şeýle setirler bar:
Pasly baharlarda seýrana gitsek,
Tükenmez ýollaryň bardyr, sen çölüň!
Üstünde ýaýnaýyp, myrada ýetsek,
Lälezar gülleriň bardyr, sen çölüň!
Şunuň ýaly Watana söýgüsini beýan edýän goşgulary nusgawy şahyrlarymyzyň köpüsiniň döredijiliginden tapmak mümkin. Magtymguly Pyragy, Mollanepes, Mätäji, Zelili öz döwründe — hupbatly ýyllarda ýaşan bolsalarda Watana bolan söýgüsini, mähir-muhhabetini şygyrlaryna siňdiripdirler.
Watany wasp etmek şahyra adat. Hezreti Magtymgulynyň Gürgeni, Etrek bilen baglanyşykly dürdäne setirleri Watanyň waspyny ýetirýär. Bu gün öz ösüşleri bilen dünýäni haýrana goýýan ülkämiziň şan-şöhraty, gözelligi dilleriň senasyna öwrüldi.
Hakykatdan-da toý-baýramlaryň mekanyna öwrülen şeýle Watanda dogalanlygyňa, önüp-ösenligiňe, ýaşaýandygyňa, söýüp-söýülýänligiňe buýsanmak gerek. Şeýle eşretli döwre ýetiren Milli Liderimize, Arkadagly Gahryman Serdarymyza guwanmak gerek. Biziň guwanyp, buýsanyp ýaşamaly Watanymyz bar, döwletli, döwranly, bagtyýar döwrümiz bar.
Gunça KABULOWA,
Çärjew etrabyndaky 23-nji orta mekdebiň başlangyç synp mugallymy.

