DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Wan Goguň «Bugdaý küdeleri» 35,885 dollara satyldy

Winsent Wan Goguň (1853-1890) Fransiýany basyp alan wagty nasistleriň alyp giden suraty Nýu-Ýorkda «Christie’s» auksionynda 35,885 million dollara satyldy. Bu barada auksion öýüniň saýtynda habar berilýändigi barada «ТАСС» ýazýar.

Bu garaşylan bahasyndan 6 million dollar diýen ýaly köpdür.

«Bugdaý küdeleri» suratyny Wan Gog 1888-nji ýylda ýazdy. Ony Wan Gog Aplede (Fransiýanyň günortasynda) bir ýyl gowrak wagtlap bolan döwründe ýazypdy. Şu döwürde döreden suratlarynyň käbirlerini nakgaş öz işleriniň iň gowularynyň hatarynda belläpdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: