Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň welaýat bölüminiň Halaç etrabyndaky wekiliniň guramagynda etrabyň edaralarynda, kärhanalarynda we daýhan birleşiklerinde «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyga bagyşlanan wagyz-nesihat we düşündiriş çäreleri geçirilýär.
Etrap polisiýa bölüminiň ýol gözegçiligi bölümçesiniň işgärleri bilen bilelikde ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmäge, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almaga, şeýle hadysalar ýüze çykan ýagdaýynda lukmandan deslapky ilkinji kömegi bermegiň kadalaryny öwretmäge bagyşlanan okuwlar we wagyz-nesihat çäreleri giňden ýaýbaňlandyryldy. Aýratyn hem, pagta ýygymy möwsüminde kabul ediş nokatlaryna ýygylan hasyly daşaýan sürüjiler, mehanizatorlar bilen söhbetdeşlikleri geçirmäge üns berilýär. Olara ulaglaryň ähli tarapdan gurat bolmalydygy, ýol hereketiniň we ýangyn howpsuzlygynyň düzgünleriniň doly berjaý edilmelidigi ýatladylýar.
Şeýle düşündiriş çäreleri mekdep okuwçylarynyň arasynda hem alnyp barylýar.
Wajyp meselelere bagyşlanan çareler dowam edýär
09
Sep

