BILIM

Wagyz-nesihat işleri güýçlendirilýär

 Dowam edýän okuw ýylynyň dördünji çärýeginde welaýat polisiýa müdirliginiň kämillik ýaşyna ýetmedikleriň işi boýunça bölümçeleri tarapyndan hem bilim ojaklarynda alnyp barylýan wagyz-nesihat işleri güýçlendirilýär.

Türkmenabat şäher polisiýa bölüminiň degişli bölümçesi tarapyndan okuw ýylynyň dördünji çärýeginiň başlanmagy mynasybetli geçirilmeli duşuşyklaryň iş meýilnamasy işlenilip taýýarlanyldy. Oňa laýyklykda içeri işler edaralarynyň wekilleri özlerine berkidilen orta mekdeplerde we beýleki bilim-terbiýeçilik edaralarynda degişli işleri alyp barýarlar. Bu işlere ýaşuly nesliň wekilleri, saglygy goraýyş hem-de iri jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri hem ýakyndan gatnaşýarlar.

Bölümçe diňe bir wagyz-nesihat duşuşyklaryny geçirmän, eýsem, mekdep okuwçylarynyň arasynda sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlary hem-de döredijilik bäsleşiklerini hem yzygiderli gurap durýar. Ýakynda şeýle çäreleriň biri Türkmenabat şäherindäki 22-nji orta mekdepde geçirildi. Onda şäherdäki dürli mekdepleriň birnäçesiniň okuwçylary sportuň dürli görnüşleri boýunça ukyp-başarnyklaryny görkezdiler.

 

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: