SPORT WE SYÝAHAT

V Yslam Raýdaşlygy oýunlarynda lebaply türgen bürünç medalyň eýesi boldy

Türkmenistanly türgenler Türkiýäniň Konýa şäherinde geçirilýän V Yslam Raýdaşlygy oýunlarynda häzire çenli 11 medal gazandylar. Ýetilen sepgitde lebaply türgen Azatjan Açilowyň hem mynasyp paýy bar.

Has takygy, Azatjan Oýunlaryň grek-rim göreşi boýunça ýaryşlaryna gatnaşdy. 63 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden ildeşimiz bürünç medalyň eýesi boldy.

Ol bu medal ugrundaky tutluşykda alžirli türgen Jebbari Abdeljebarini ýeňdi.

Şu agram derejesinde altyn medal eýranly Şirzad Beheştitala, kümüş medal bolsa gyrgyz pälwany Tynar Şarşenbekowa nesip etdi. Şeýle-de bu agram derejesinde ýene bir bürünç medala täjigistanly Firuz Mirzorajabow eýe çykdy.

Azatjan Açilowdan başga-da, Oýunlarda agyr atletikaçylar Ýulduz Jumabaýewa bürünç medallaryň üçüsini, Kristina Şermetowa bir altyn, iki kümüş medaly, Dawranbek Hasanbaýew bir kümüş medaly, Gülnabat Kadyrowa iki altyn, bir bürünç medaly gazandy.

Türkiýäniň Konýa şäherinde geçirilýän V Yslam Raýdaşlyk oýunlary 18-nji awgusta çenli dowam eder. Bäsleşiklere Türkmenistandan 80 türgen gatnaşýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: