TÜRKMENISTAN HABARLARY

«Uzkimýosanoat» «Türkemnhimiýa» bilen bäş ýyldan bäri ýakyn hyzmatdaşlygy saklap gelýär

Özbegistanyň «Uzkimýosanoat» paýdarlar jemgyýeti Türkmenistan bilen
hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmegi meýilleşdirýär.
Şu gün Türkmenabat şäherinde badalga alan ikinji sebitara forumynyň çäklerindäki sergide bu kompaniýanyň wekili Alekseý Kim «Jeyhun.news»-iň habarçysyna beren gürrüňinde:
― Biz «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen eýýäm bäş ýyldan bäri ygtybarly
hyzmatdaşlyk alyp barýarys. Şu ýyllaryň içinde biz ýakyn goňşularymyza himiýa
önümleriniň 5-6 görnüşini eksport edip gelýäris. Olaryň arasynda superfosfat,
amofos, suwuk hlor we kaustik sodasy ýaly önümler bar. Şu gezekki forumyň
çäklerinde hem birnäçe gepleşikleri geçirip, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygymyzyň
gerimini giňeltmegi maksat edinýäris ― diýdi.
Myhmanyň gürrüň berşi ýaly, biziň ýurtlarymyzda himiýa senagatynyň geljegi has parlak. Bu paýdarlar jemgyýeti Türkmenistanda geçirilen forumlara, sergilere birnäçe gezek gatnaşdy.
― Her gezek hem türkmenistanly kärdeşlerimiz bilen duşuşyp, gepleşikleri geçirýäris. Şol gepleşikleriň netijesinde Türkmenistanda diňe bir merkezi Aziýada däl, eýsem, yklym derejesinde hem seýrek gabat gelýän himiýa serişdeleriniň öndürilýändigine şaýat bolduk. Eýýäm bu önümleriň käbirini biziň ýurdumyz import hem edýär ― diýip, myhman habarçymyza beren interwýusynda aýtdy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: