BIZE YAZYARLAR

Uzak ýaşaýyn diýseňiz…

Saglyk — ynsanyň iň uly gymmatlygy. Ata-babalarymyzdan miras galan «Saglyk bolsa, beglik bolar», «Bar nygmatdan ýeg saglygyň mazasy», «Saglyk — baýlyk», «Jany saga — bela ýok» ýaly aýtgylarda hem bu barada aýdylýar.
Gündelik durmuşda beden maşklaryny ýerine ýetirmek, pyýada ýöremek, suwda ýüzmek, ylgamak, welosiped sürmek we sportuň beýleki görnüşleri bilen meşgullanmak ynsan saglygyny hemmetaraplaýyn berkidýär. Olar umumy beden saglygyny, myşsa çeýeligini, boýuň syrdamlygyny üpjün edip, okuwdan we işden soňky ýadawlygy aýyrýar. Dem alyş, gan aýlanyş ulgamlarynyň işini sazlaýar, bedeniň kesellere garşy göreşijilik ukybyny güýçlendirýär. Bu bolsa sagdynlygyň we uzak ýaşamagyň esasy syrynyň işjeň hereketde bolmak bilen baglydygyny görkezýär.
Bilermenler uzak ýaşamagyň ýene bir syrynyň dogry iýmitlenmekden ybaratdygyny belleýärler. Şunda kadaly iýmitlenmek hökmanydyr. Ýagly naharlary, kakadylan etleri däl-de, düzümi peýdaly witaminlere baý önümleri köpräk iýmek maslahat berilýär. Düzüminde magniý köp bolan iýmitleriň peýdasy aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Olar bedenden zyýanly maddalary çykarmaga, gandaky holesteriniň derejesini peseltmäge ýardam edýär. Ýürek-gan damar ulgamynyň kadaly işlemegini üpjün edýär, nerw ulgamyny rahatlandyrýar. Şeýle iýmit önümlerine süle, noýba, nohut, erik, üzüm, şetdaly, garpyz, hurma, badamjan, kädi, şibit ýaly önümleri mysal getirmek bolar. Aşa köp iýmegiň aşgazana agram salyp, saglyk üçin ýaramaz netijelere getirýändigi bellärliklidir.
Arassa howada gezelenç etmek we ruhubelent bolmak ynsanyň ömür dowamlylygyny uzaldýan esasy täsirleriň biri hökmünde bellenilýär. Bilermenler ruhy dartgynlylyga getirýän hadysalardan, ýagdaýlardan gaça durmagy maslahat berýärler. Çünki gülki ynsanyň hem görküniň, hem ömrüniň bezegidir.

Zöhre TEJIBAÝEWA,
Dargana etrap hassahanasynyň ýetginjekler lukmany.