Jeyhun News

Информационно-аналитический портал

Uzak aralyga ylgamak boýunça Lebap welaýatynyň çempionaty geçirildi

Apr 10, 2021

Türkmenabat şäheriniň 11-nji sport mekdebinde 2001—2005-nji ýyllarda doglan oglanlaryň we gyzlaryň arasynda uzak aralyga ylgamak boýunça Lebap welaýatynyň çempionaty geçirildi.
Oňa Türkmenabat şäherinden, Halaç, Saýat, Çärjew, Hojambaz, Köýtendag, Dänew, Farap etraplaryndan türgenler gatnaşdylar. Oglanlar 12000, 8000, 3000 metr, gyzlar 8000, 6000, 2000 metr aralyga ylgadylar.
Çekeleşikli geçen ýaryşyň netijesi boýunça Dänew etrabyndan gelen türgenler birinji, Türkmenabat şäheriniň we Farap etrabynyň türgenleri degişlilikde ikinji we üçünji orunlary eýelediler.

 

Leave a Reply