BILIM

Usulyýet bäsleşiginde lebaply talyplara taý tapylmady

Iňlis dilini okatmagyň usulyýeti boýunça geçirilen bäsleşikde Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyplary ýokary netijeleri gazandylar. Mugallymçylyk tejribeligi geçýän talyplaryň arasynda geçirilen bäsleşikde birinji, ikinji we üçünji orunlaryň ählisinde türkmenabatly talyplar öňe saýlandy.
Netijede, Jemal Mämmedowa we Mähriban Bazarowa 25 utuk bilen birinji orna mynasyp boldular. Güljennet Hydyrowa 24 utuk, Ajaýyp Hudaýberdiýewa 22 utuk bilen ikinji orny eýelediler.
Şeýle hem Aýjeren Agarejepowa, Jeren Atamyradowa we Göwher Allanowa 19 utuk bilen üçünji orna mynasyp boldular. Bu netije institutda iňlis dilini okatmagyň usulyýeti boýunça alnyp barylýan okuw-usuly işleriň netijelidigini görkezýär.