BIZE YAZYARLAR

Usuly-amaly maslahat geçirildi

Biziň çagalar bagymyzda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň hünärmenleriniň hem-de pedagogik işgärleriniň arasynda «Mekdebe çenli çagalar edaralarynda resmi iş kagyzlaryny «Türkmenistanyň mekdebe çenli çagalar edaralarynda dolandyryş resminamalaryny ýöretmek boýunça gözükdirijä» laýyklykda dogry ýola goýmagyň usullary» atly usuly-amaly maslahat geçirildi. Oňa etrap çagalar bakja baglarynyň hünärmenleri hem-de pedagog işgärleri gatnaşdylar.
Usuly-amaly maslahatynda, esasan hem, okuw terbiýeçilik işleriniň dolandyryş resminamalaryny hem-de bezeg işlerini ýöretmegiň usullary babatynda giňişleýin pikir alşyldy. Şeýle-de çagalar bakja-baglarynda sapaklaryň geçirilişi, görkezme esbaplardan peýdalanmagyň usullary hem-de ýyllyk iş meýilnamalarynyň ýöredilişi barada birek-birek bilen ara alnyp maslahat edildi.
Maslahatyň dowamynda çykyşlarda bellenişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde halk bähbitli işler, beýik özgertmeler amala aşyrylyp, çagalaryň eşretli durmuşyň hözirini görüp, bagtyýar ýaşamagy üçin ähli şertler döredilýär. Türkmenistanda maşgala, eneler we çagalar döwlet tarapyndan goralýar. Munuň özi maşgalanyň bagtyýarlygynyň, abadançylygynyň, agzybirliginiň girewi hasaplanýan çaganyň ornunyň häzirki wagtda has-da belent tutulýandygyny aňladýar.
Maslahata gatnaşyjylar ösüşli özgertmelere beslenýän mähriban Watanymyzda ýaş nesliň sagdyn bedenli, giň dünýägaraýyşly, ruhubelent bolup ýetişmegi üçin ähli şertlerdir mümkinçilikler döredip berýän hormatly Prezidentimize hoşallyklaryny beýan etdiler.

Arzygül HÜMMEDOWA,
Farap etrabynyň 3-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.