BIZE YAZYARLAR

Usuly-amaly maslahat geçirildi

Türkmenabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 29-njy orta mekdebiniň binýadynda «Garaşsyz, baky, Bitarap Türkmenistan ― bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Halkara zenanlar güni mynasybetli başlangyç synp mugallymlary bilen Gahryman Arkadagymyzyň: «Hakyda göwheri» atly kitabynyň many-mazmunyny 1― 4 synp aralygyndaky okuwçylara öwretmekde hem-de sanly bilim serişdelerinden peýdalanmagyň usullary» atly mowzukda şäher derejesinde usuly-amaly maslahat geçirildi. Oňa Türkmenabat şäheriniň umumybilim berýän orta mekdepleriniň mugallymlary gatnaşdylar.


Usuly-amaly maslahatyň başynda myhmanlar mekdebiň okuwçylarynyň ýörite elde taýýarlan «Ejeme sowgat» atly sergisine syn etdiler. Soňra göreldeli sapaklara giň orun berildi. Onda, esasan hem, rus, iňlis dili, edebiýat sapaklarynda «Eneleriň söýgüsi», «Gözelleriň we gözelligiň baýramy» ««Gözelleriň we gözelligiň baýramy» «Yu harpy» ýaly mowzuklarda sapaklar geçirildi. Soňra sapakdan daşary çärelere gatnaşyldy. Usuly-amaly maslahatyň ahyrynda maslahaty jemleme pursady hem özboluşly täsirli boldy. Munda mugallymlar öz tejribelerini paýlaşdylar.


Ýokary guramaçylyga eýe bolan maslahatda oňa gatnaşyjylar ähli türkmen zenanlaryny bahar baýramy bolan Halkara zenanlar güni bilen tüýs ýürekden gutladylar.

Enejan JORAÝEWA,
Türkmenabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 29-njy orta mekdebiň mekdep müdiriniň okuw işleri boýunça orunbasary.