- ESASY HABARLAR, Ýörite sungat mekdebi

“USSATLYK HEM YLHAM”

Zalyň imi-salalygynda ýeňiljek ýaz ýagşynyň kümüşsöw öwüşginleri ýaly sesler döreýär. Skripkalaryň näzijek ygşyldylary, kontrabasyň çalajaeşidilýän “dem almalary”, wiolonçeliň çeküwli intonasiýalary… Ýekeje pursat we sazyň parahat akymy  öýanan orkestriň şatlykly, hyjwoly seslenmesi bilen çalyşýar. Türkmenistanyň halk artisti , “Magtymguly” adyndaky döwlet baýragynyň laureaty Aşyr Kulyýewiň “Magtymguly Pyragy” simfoniki poemasy şeýle başlanýar.

Milli saz medeniýetimizde Aşyr Kulyýew iň bir görnükli ýerleriň birini eýeleýär. Ol operalaryň, baletiň, kantata-oratoriýalaryň, simfoniki, kamera-instrumental we wokal eserleriň awtory, onuň eserleri diňe bir ýurdymyzda däl eýsem onuň çäklerinden daşda hem giňden tanalýar.

Aşyr Kulyýewiň kompozitorçylyk döredijiligi milli sungatymyzyň belentlikleriniň biridir.

Edil Berdi Kerbabaýewiň türkmen edebiýatynda, Bäşim Nuralynyň bolsa nakgaşçylykda ilkinji bolşy ýaly Aşyr Kulyýew hem ilkinji professional türkmen kompozitory boldy, ol köp sanly milli saz žanrlarynyň düýbini tutujydyr.

Mysal üçin, 1943-nji ýylda Ýuliý Meýtus bilen bilelikde, Berdi Kerbabaýewiň librettosyna döredilen “Abadan” operasy Beýik Watançylyk urşynyň gahrymanlaryna bagyşlanan birinji operadyr. 1946-njy ýylda döreden üç bölümli sonatasy bolsa fortepiano üçin ýazylan uly göwrümli  türkmen eserleriniň birinjisidir. Sonatada ýewropa nusgawy sazynyň däpleri dutarda saz çalmagyň imitasiýasy bilen sazlaşyp gidýär. 1962-nji ýylda kompozitor özüniň skripka we simfoniki orkestr üçin tanymal Konsertini ýazýar. Bu eser hem şu žanrda ýazylan birinji eserdir.

Aşyr Kulyýewiň köp taraplaýyn saz döredijiligi – bu janly, ýürekdeş, millilige ýugrulan, aýdyň milli öwüşginli döredijilikdir. Onuň çuňňur lirika-psihologiýaly, filosofik eserleri: “Ýusup – Ahmet” operasy, “Gumdan tapylan ýürek” baleti, “Türkmenistan” sýuitasy – Watan bolan söýginiň, ýokary ahlaklylygyň aýdyň mysallarydyr.

Bezegi çylşyrymly heňler, reňklere baý garmoniýa, ajaýyp, naýbaşy orkestrowka – meýdanlaryň yssy epgeginden, Amyderýanyň tolkunlarynyň Jeýhun sesinden, gowaçalaryň näzijek ýaşyl reňklerinden dolup duran ýalydyr.

Kompozitoryň döredijilik keşbi köp zatlary öz içine alýar, olaryň içinde iň wajyby bolsa:  nakgaş we adamdyr. Hakdan berlen zehin, ýokary professionalizm, ägirt giň intellekt – bu onuň şahsyýetiniň tapawutly taraplarydyr. Diýseň sada, polady ýumşak diýilýän, zandy arassa  intelligent, gaty ünsli we aladaçyl mugallym, ýöne saza işe gerek gelende welin şeýlebir talapediji we prisipialdy.

Onuň professional işi kompozitorçylyk döredijiligini, jemgyýetçilik-saz işini we mugallymçylygy özünde jemleýärdi. Aşyr Kulyýew 40-ýyla golaý wagtyň dowamynda Daňgatar Öwezow adyndaky türkmen döwlet sazçylyk mekdebinde zähmet çekýär. Ol onuň direktory, okuw işleri boýunça müdiri, halk saz gurallary orkestriniň ýolbaşçysy boldy. “Kompozisiýadan”, “gurallamadan” we “garmoniýadan” sapak berdi.

Halypa-mugallym hökmünde ol köp türkmen kompozitorlarynyň döredijiligine täsirini ýetirip bildi, olaryň içinde: Aman Agajykowyň, Çary Nurymowyň, Durdy Nuryýewiň, Rejep Rejepowyň atlaryny tutmak bolar. Öňden görüjiligi we sazy inçeden duýup bilýänligi sebäpli Baýramalynyň çagalar öýüniň okuwçylarynyň içinden zehinli ýetginjek Nury Halmämmedowy saýlap bilen Aşyr Kulyýew oňa öz ömrini saz bilen baglamagy maslahat berýär.

Aşyr Kulyýewiň döredijilik portretiniň, biri-biriniň üstüni dolduryp duran, iki tarapy – nakgaş we adam, onuň döredijilik ýoly barada aýdylmasa doly bolmaz…

Aşyr Kulyýew 1918-nji ýylyň 21-nji dekabrynda Köşide, daýhan maşgalasynda dogulýar. Çagaka internatda terbiýelenýär, soňy bilen köp hünärleri çalyşýar. Redaksiýada, kitap magazininde işleýär. Eýýäm şol döwürlerde ol halk sazynyň, edebiýatynyň we taryhynyň ölemen aşygy bolupdyr.

1932-1935-nji ýyllarda ol Aşgabadyň çeperçilik tehnikumynda (häzirki Daňatar Öwezow adyndaky türkmen döwlet sazçylyk mekdep) bilim alýar, dutarda, setarda we fortepianoda saz çalmagy öwrenýär. Onuň ilkinji halypalary Pürli Saryýew bilen Mylly Taçmyradow bolupdyr.

Mugallymlarynyň tagallasy bilen ol türkmen bagşylarynyň ýerine ýetirijilik sungatyna  galtaşýar.

Ýaş sazandanyň şahsyýetiniň kemala gelmegine tanymal kompozitor Reýngold Glier ep-esli derejede täsir edýär. 1935-nji ýylyň ýarynda Aşgabatda onuň bilen bolan duşuşyk kompozitoryň ykbalynynda aýgytlaýjy bolýar. Reýngold Glieriň hödürnamasy boýunça Aşyr Kulyýew Moskwanyň konserwatoriýasynyň  türkmen studiýasyna okuwa ýollanylýar (1935-1941). Aşyr Kulyýewiň saz medeniýetine we pikirlenşine mahsus bolan ýokary medeniýetlilik onuň halypa mugallymlary – Genrih Litinskiý we Boris Şehter tarapyndan ösdürilýär. Olaryň döredijiliginiň ahlak prinsipleri, ýokary bilimliligi türkmen kompozitory üçinem ören bolupdyr. Halypalarynyň kömegi bilen Aşyr sungata has çuňňur we giň düşünmegi, barlyga akyl ýetirmekde parasatly bolmagy, hadysalara seljerme bermegi öwrenýär.

Şol döwürde onuň bilen bir kursda kompozitor Weli Muhadow we aýdymçy Maýa Kulyýewa, dirižýor Hydyr Allanurow dagylar okaýarlar. Ol ýyllarda Aşyr Kulyýew kirişliler kwarteti üçin Sýuita (1937), Dabaraly uwertýura (1939), skripka we fortepiano üçin Poema  hem-de aýdymlary we romanslary döredýär.

1944-1949–nji ýyllarda Aşyr Kulyýew Moskwanyň konserwatoriýasynda, kompozisiýa synpy boýunça Ýuriý Şaporin we Wiktor Belyý-ň elinde  okuwyny dowam etdirýär. Hem-de 1949-njy ýylda A.Kulyýew Pýotr Çaýkowskiý adyndaky Moskwanyň döwlet konserwatoriýasyny tamamlan ilkinji türkmen kompozitory bolýar. Soňra bolsa ylhamdan, irginsiz zähmetden doly döredijilik gözlegleri başlanýar.

1967-nji ýylda “Garagum derýasy” monumental kantatanyň döredilmegi kompozitoryň döredijilik terjimehalyndaky uly ähmiýeti hadysalaryň biridir. Kompozitory tolgundyrýan meseleler onda döwrebap ýaňlanýarwe hiç-haçan bahadan düşmejek adamzat gymmatlyklaryny, taryhy hadysalara häzirki döwri akyl ýetirmekligi görkezýär.  Kantatanyň ähli VI – bölüminde-de Aşyr Kulyýewiň aýdyň indiwiduallygyny görmek bolýar: “Suw barada  arzuw”, “Jeýhun-derýa”, “Läle”, “Uly suwyň baýramçylygy” we beýlekiler. Eseriň saz stiliniň tapawutly komponentleri bular: kompozision görnüşiň original

işlenmesi (traktowkasy), fakturanyň baýlygy we dürliplanlylygy, hor köpsesliligi, saz diliniň milliliginiň ýewropa kanonlary bilen birleşmesidir. “Garagum – derýasy” kantatasy üçin 1968-nji ýylda Aşyr Kulyýewe Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky döwlet baýragy berilýär.

Kompozitoryň ýagty we galkynyşly sungaty Diýarymyzyň Garaşsyzlyk döwründe hasam pajarlap ösýär. 1990-2000-nji ýyllarda ol Türkmen milli konserwatoriýasynda “gurallama” we “dirižýorlyk etmekden” sapak berip başlaýar. Garaşsyz Türkmenistanyň döwlet senasynyň sazyny düzen kompozitorlarynyň biri hem Aşyr Kulyýewdir.

A.Kulyýew ylmy-usulyýet işine-de uly üns beripdir, ol “solfejio”, “garmoniýa”, “sazyň teoriýasyndan” 20-ä golaý okuw gollanmasynyň ýazarydyr.

Kompozitoryň çeperçilik dünýägaraýşy we prisipleri onuň eserleriniň saz dramaturgiýasy bilen berk baglanyşyklydyr. “Şahsyýet we halk”, “adam we tebigat” temalary “Magtymguly Pyragy” poemasynda, “Gumdan tapylan ýürek”baletinde çuňňurlyk bilen beýan edilýärler.

1982-nji ýylda Türkmenistanyň kompozitorlar Soýuzynyň VI-njy plenumynda Aşyr Kulyýewiň çykyşyny diňläpdim, men ol wagtlar Türkmen döwlet pedagogik sungat institutynyň II-nji ýyl talybydym. Ony ullakan nakgaş hökmünde häsiýetlendirýän sözleri ýatlasym gelýär: “Sungat – uly etiki güýje eýedir, ol adamyň duýgular dünýäsine, hakydasyna täsir edýär. Eger-de men diňleýjini tolgundyryp we gozgalaňa salyp bilýän, şatlykdan we gaýdydan  ýaňa agladýan eser ýazyp bilýän bolsam, diýmek men birneme ynjalyp bileriň”.

Ussadymyzyň türkmen saz sungatyna goşandyna çek-şübhe ýokdyr.

Häzirki döwri medeni miras bilen baglanyşdyrmagyň seýrek duş gelýän başarnygy, çeperçilik taýdan bitewi aýdyň milli eseri döredip bilmegi – bular Aşyr Kulyýewiň gaýtalanmajak özboluşlygydyr, adaty däl döredijilik aýratynlygydyr, onuň fenomenidir.

Ýuliýa Jumaýewa, 
Lebap welaýat  ýörite sungat mekdebiniň mugallymy.