BIZE YAZYARLAR

Ussat mugallyma häsiýetnama

Ylyma-bilime üns berilýän ýurdumyzda “mugallymçylyk” käri iň bir hormatlanylýan hünärleriň biridir. Ussat mugallym bolmaklyk üçin pedagoglaryň garaýyşlarynyň üstünde durup geçeliň. Mugallymçylyk ussatlygynyň derejesini häsiýetlendirýän sypatlar we aýratynlyklar sanardan kändir. Okuwçylar mugallymyň diňe bir bilimlerini däl-de, onuň bilim-düşünjeleri gyzykly we düşnükli özlerine ýetirişini hormatlaýar. Mugallymyň öz bilýänlerini okuwçylara bermeklige höwesi we başarnygy, dersine gatnaşygy, oňa söýgüsi töweregindäkileriň hemişe üns merkezinde bolýar. Islendik işiň netijeliligi köp derejede adamyň indiwidual psihologik aýratynlyga bolan ukyplara baglydyr. Olar adamda işiň belli bir görnüşine laýyklyk döredip, degişli bilim-başarnyklarynyň özleşdirilişini ýeňilleşdirýär we özi şu işiň tutumynda ösýär.
– Mugallym hökmünde üstünlikli işlemek üçin pedagogik ukyplar zerur bolup, olara pedagogik pikirlenme, guramaçylyk ukyplary, şeýle hem nerw-psihologik ulgamyň çydamlylygy degişlidir. Pedagogik-nerw ulgamynyň çydamlylygy pedagogik hünäriniň adama salýan iňňän ýokary dartgynlygy mynasybetli ýörite nygtalmaga degişlidir. Pedagog üçin özüňi elde saklamak, ýerliksiz hereketleri togtatmak ukyby, çaltlygyň çözgüt tapyjylyk bilen utgaşmagy, emosional-duýgy deňagramlylygy, öz duýgularyňa erk etmek başarnygy aýratyn möhümdir.
-Okaýanlara hoşniýetli gatnaşykda bolup, olaryň şäht-duýgy ýagdaýyny syzmak, her bir okuwçyň psihologiýasyny bilmek, mugallymyň aýrylmaz sypatlarynyň biri bolan pedagogiki salyhatlylygy (pedagogiki takty) kemala getirýär. Pedagogiki salyhatlylyk mugallymyň tapylgysyz hünär sypaty bolup, ol oňa pedagogik täsir serişdelerini ulananda duýgulary ýüze çykarmagyň çägini salgy berýär. Bu sypat özüňe erk etmek, takatlylyk, sowukganlylyk ýaly häsiýetler bilen baglanyşyklydyr. Bu hatarda pedagogik aragatnaşygy aýratyn orun tutýar. Haçanda pedagog talyplardan ilkinji mugallymçylyk tejribeliginde iň kyn zadyň näme bolandygy soralanda olaryň 80% “Çagalar bilen umumy dil tapmak” diýip jogap berdiler.
– Mugallym sapak bermek bilen çäklenmän sapagyň dowamynda dolandyrmaly hem bolýar. Dolandyrmak üçin bolsa ol wezipesi, pähimi, güýji ýa-da abraýy taýdan ýokary bolmalydyr. Aragatnaşykda bolsa, tersine, taraplaryň doly deňligi talap edilip, duýgyda adamlar özlerini hiç wagt kembaha saýmaly däldir. Hoşgylaw, mylaýym, şadyýan, wäşi, düşünýän, goldaýjy, guwanyjy bakyşlar mugallymyň işiniň tapylgysyz serişdeleridir. Mugallymyň jemgyýetçilik wezipeleri, hemişe adamlaryň (esasan okuwçylaryň) gözüniň öňünde bolýanlygy onuň daşky keşbine, geýim-gejiminiň biçüwüne belli bir talaplar bildirilýär. Adatça mugallymlar eşigiň özüni salyhatly, tämiz görkezýän, adamyň gylygynyň çuňlugyny sypatlandyrýan işewür görnüşini saýlaýar.

Aziza ABULOWA,
Darganata etrabyndaky 1-nji orta mekdebiň fizika mugallymy.