BIZE YAZYARLAR

Ussat halypanyň ýubileý toýy

 Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň zalynda sungata ömrüni örklän ussat halypa mugallym Joraýewa Täzegül Baltaýewanyň 65 ýaş ýubileý konserti geçirildi. “Aýdym aýtmak sungaty” bölüminiň 4-nji ýyl talyby Gülälek Ýazmyradowa we 3-nji ýyl talyby Işankulowa Aýgözel bilelikde konserti goşgy setirleri bilen alyp bardylar. Konsertiň başynda “Türkmenistanyň halk artisti” , Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň “Hor dirižýory” bölüminde zähmet çekýän halypa mugallym  Bäşim Berdiýewe Täzegül Baltaýewanyň 65 ýaş ýubileýini gutlamak üçin uly hormat bilen söz berildi.

 Täzegül Joraýewanyň işlän döwri baradaky ýatlamalary aýdyp berip, halypa mugallymyň janynyň sag, görjeginiň diňe gowluk, sungat äleminde mundan  beýläk hem uly-uly üstünlikleriň ýar bolmagynyň arzuwlap sözüni jemledi. Bäşim Berdiýew özüniň ýolbaşçylyk edýän hor topary bilen P. I. Çaýkowskiýniň  A. S. Puşkiniň sözlerine ýazan “Gyşky ýol” aýdymy bilen çykyş etdi. Yzýanyndan “Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň halypa mugallymy, kompozitor Batyr Soltanow söz  nobaty aldy. Halypa mugallyma ömrüniň uzak bolmagyny, maşgala abadançylygyny,  işinde üstünlik arzuw etdi.

 Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Lebap welaýat şäher komitetiniň bölüm  müdiri Bahar Seýidowa  söz berildi. 65 ýaş ýubileýini gutlap, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň  taýýarlan  sowgadyny gowşurdy. Soňra “Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň halypa mugallymy, sazşynas Ýuliýa Jumaýewa  uly hormat bilen söz nobaty berildi. Ýuliýa Jumaýewa Täzegül Joraýewanyň 65 ýaşyny  rus we türkmen dilinde gutlaglar bilen gutlady, kompozitorlar Suhan Tüýliýewiň, Daňatar Hydyrowyň,  Jeren Gurbangylyjowanyň adyndan  gyzgyn  gutlady. Täzegül Joraýewanyň 65 ýaş ýubileý konsertiniň meýilnamasy:

N. Muhatowyň “Watan güllesin” aýdymy.  “Aýdym aýtmak sungaty” bölüminiň III ýyl talyby Aýgözel Işankulowa,  sazandarlyk edýär Awanesowa Dilaram.

N. Halmämmedowyň “Gözleriňden gitme ýok” aýdymy. “Aýdym aýtmak sungaty” bölüminiň 4-nji ýyl talyby Serdar Bazarow, sazandarlyk edýär Annaýew Merdan.

Fikret Amirowyň fortepiano pýesalar toplumyndan “Wals”. Ýerine ýetirýär: Lebap welaýat çagalar sazçylyk sungat mekdebiniň okuwçysy Reýimow Nazar

P.I.Çaýkowskiý “Garahal gelin” operasyndan Germanyň ariýasy. “Aýdym aýtmak sungaty” bölüminiň 4-nji ýyl talyby Atajanow Atamyrat, sazandarlyk edýär Dmitriý Sýura.

Türkmen halk aýdymy “Gelsin” täzeden işlän G. Kulyýew .  W.Ahmedow“Türkmen halysy” . Ýerine ýetirýär:“Aýdym aýtmak sungaty” bölüminiň 4-nji ýyl talyby Laçyn Abdulrahimowa,  sazandarlyk edýär  Ilowa Ajap.

Türkmen halk aýdymy “Dilberim”  täzeden  işlän G.Kulyýew. “Aýdym aýtmak sungaty” bölüminiň IV  ýyl talyby Derýaýewa Jennet, sazandarlyk edýär Awanesowa Dilaram.

Juzeppo Werdi “Trawiata”operasy “Застолная песня” “Aýdym aýtmak sungaty” bölüminiň IV ýyl talyplary Gülälek Ýazmyradowa,  Atamyrat Atajanow , sazandarlyk edýär Olga Salikowa.

Isaak Dýunewskiý “Волни ветер” operasyndan Pipitanyň aýdymy. “Aýdym aýtmak sungaty” bölüminiň mugallymy Şirinjan Kurbanowa, sazandarlyk edýär Annaýew Merdan.

D.Nuryýew “Soradym seni” “Aýdym aýtmak sungaty”  bölüminiň mugallymy Huddyýewa Mamajan, sazandarlyk edýär Ilowa Ajap.

Ç. Nurymow “Ýar oýnasyn” “Aýdym aýtmak sungaty” bölüminiň mugallymy Agajan Genjimow, sazandarlyk edýär Awanesowa Dilaram.

Konsertiň ahyrynda halypa mugallymyň ýetişdiren şägirtleri D.Söýünow, G. Joraýewa, A. Jumaýew gutlap, “Şadyýan gün” aýdymy bilelikde aýtdylar.

Konsertiň soňunda halypa mugallym Täzegül Joraýewa konserte gatnaşan mugallymlara, talyplara öz  minnetdarlygyny bildirdi.

Ereş Abdullaýew  “Aýdym aýtmak sungaty”

bölüminiň II ýyl talyby

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: