DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Usmanowyň holdingi VK-niň aksiýalarynyň bukjasyny satdy

USM holdingi VK-niň aksiýalarynyň bukjasyny (ozal Mail.ru Group) «СОГАЗ» toparyna satdy. Bu barada kompaniýanyň habarynda aýdylýar, diýip «ТАСС» ýazýar.

Holding kompaniýanyň 57,3% ses berýän aksiýalaryna gözegçilik edýän «МФ Технологии» paýdarlar jemgyýetiniň tertipnamalaýyn maýasyna gatnaşmak arkaly VK-niň aksiýalarynyň bukjasyna eýelik edýärdi. «МФ Технологии»-e USM-a «МегаФон» açyk paýdarlar jemgyýetiniň üsti bilen 45% paket degişlidi. Netijede «СОГАЗ» toparyna VK-niň maýasyndaky aksiýalaryň bukjasynyň hemmesi satylypdyr. Onuň bahasy barada aýdylmaýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: