USAID we Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy, inçekesele gözegçilik etmek boýunça türkmen hünärmenlerini taýýarlaýar
2023-nji ýylyň 15-nji maýyndan 9-njy iýunyna çenli Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Halkara Ösüş Guramasy (USAID), Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) Türkmenistandaky edarasy hem-de Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen bilelikde Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň sanitariýa we epidemiologiýa hünärmenleriniň hünärlerini ýokarlandyrmak üçin inçekesel ýokanjynyň öňüni almak we oňa gözegçilik etmek boýunça birnäçe tälim okuwlary geçirildi.
“Merkezi Aziýada derman serişdelerine garşy durnukly inçekeseliň (DD-TB) öňüni almak, ony ýüze çykarmak we bejermek” taslamasynyň çäginde gatnaşyjylar täze görkezmeler bilen tanyşdylar, inçekeseliň ýaýramagy bilen baglanyşykly töwekgelçilikleri we inçekesel infeksiýany gözegçilik etmegiň iýerarhiýasy, şol sanda administratiw, inženerçilik we respirator/dem alyş gorag çäreleri barada pikir alyşdylar. Okuw inçekesele garşy gözegçilik meýilnamasyny işläp düzmek bilen tamamlandy.
Bu tagallalar inçekesel infeksiýasy boýunça tassyklanan Milli gollanmalaryň durmuşa geçirilmegine goşant goşýar. USAID-iň Global inçekesel (TB) strategiýasynda we BSGG-yň inçekeseli ýok etmek strategiýasynda göz öňünde tutulşy ýaly, Türkmenistan bu görkezmeleri durmuşa geçirmek arkaly inçekesel ýokanjy azaltmak bilen inçekeseliň we şol kesel zerarly adam ýitgileri azaltmagy maksat edinýär.
USAID – dünýäde öňdebaryjy halkara ösüş guramasy hem-de durnukly ösüşiň ýardam berijisi bolup durýar. Has giňişleýin maglumat almak üçin USAID-iň Merkezi Aziýa https://www.usaid.gov/central-asia-regional web-sahypasyna giriň.