JEMGYÝET

Uruş weteranlaryndan galan gymmatlyklar görkezildi

1941 — 1945-nji ýyllaryň urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli Türkmenabat şäherindäki Beýik Watançylyk urşy muzeýinde «Sarpalanýar mert pederleň şöhraty» atly baýramçylyk duşuşygy geçirildi.

Oňa mekdep okuwçylary, talyp ýaşlar, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Türkmenabat şäher geňeşiniň we Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Çärjew etrap komitetiniň hünärmenleri gatnaşdylar.

Çäräniň dowamynda watançylyk mowzugyndaky çykyşlar, uruş ýyllary we şöhratly geçmiş bilen baglanyşykly täsirli gürrüňler diňlenildi. Urşa gatnaşyjylara edermenlikleri üçin gowşurylan ordendir medallaryň, tapawutlandyryş nyşanlarynyň, Minnetdarlyk hatlarynyň sergisi ýaşlaryň watançylyk hyjuwyny has-da ýokarlandyrdy.

Muzeýde şeýle watançylyk ähmiýetli mowzuklaýyn sergiler, gezelençlerdir açyk sapaklar we döredijilik duşuşyklary yzygiderli guralýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: