SYÝASAT

Uruş weteranlaryna we uruşda wepat bolan esgerleriň ýanýoldaşlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan pul hem-¬de gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy

1941 — 1945¬-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylaryň söweşlerde görkezen deňsiz-taýsyz gahrymançylygyny hem¬-de uruş ýyllarynda tylda zähmet çeken ak saçly enelerimiziň görkezen nusgalyk edermenligini hormatlap, olaryň ýaş nesillerimizi watançylyk, gahrymançylyk, mertlik ruhunda terbiýelemekde we halkymyzyň agzybirligini, jebisligini berkitmekde alyp barýan asylly işlerini, ýurdumyzda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmäge goş¬ýan goşantlaryny göz öňünde tutup, şeýle hem Beýik Ýeňşiň 76 ýyllygy mynasybetli, Türkmenistanyň Prezidenti Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, welaýatlaryň, şäherleriň we etraplaryň häkimlikleri 1941 — 1945¬-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 76 ýyllygy mynasybetli, uruş weteranlaryna, şeýle hem uruşda wepat bolan esgerleriň ýanýoldaşlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan 200 manat möçberde pul sowgadyny hem¬-de gymmat bahaly sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşurmaga borçly edildi.

Lebap welaýatynda bu sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply