YLYM WE TEHNIKA

Uranyň ýene bir hemrasy ýüze çykaryldy

Uran saýýarasynyň tebigy hemralarynyň sanawyna täze biri goşuldy. Şu wagta çenli alymlara onuň 28 sany hemrasy mälimdi, emma indi bu san 29-a ýetdi.
Täze açylan hemra wagtlaýynça «S/2025 U1» diýip bellige alyndy. Bu täsin açyş NASA-nyň ösen mümkinçiliklere eýe bolan Jeýms Uebb älem teleskopy arkaly amala aşyryldy.
Mälim bolşy ýaly, Uranuň öňki hemralarynyň atlary belli ýazyjylar Uilýam Şekspiriň we Aleksandr Poupyň eserleriniň gahrymanlarynyň adyndan alnypdyr. Gün ulgamynyň düzümindäki bu uly planetanyň Günden uzaklykda ýerleşişi boýunça ýedinji, ululygy boýunça üçünji hem-de agramy boýunça dördünji orny eýeleýändigi ylmy taýdan subut edilen hakykatdyr. Uran 1781-nji
ýylda iňlis astronomy Uilýam Gerşel tarapyndan açylyp, gadymy grek mifologiýasynyň asman hudaýynyň ady bilen atlandyrylan ilkinji teleskop arkaly tapylan saýýar hökmünde taryha giripdir.