TÜRKMENISTAN HABARLARY

Umydymyz ― paýtagtymyzdaky ýeňişler

Şu günler merjen paýtagtymyzda geçirilýän kuraş boýunça dünýä çempionaty ähli watandaşlarymyzy sportuň ruhundan birleşdirýär.Dabarlaryna badalga berlen we esasy ýaryşlary sanlyja günlerden geçiriljek dünýä çempionatynda gazanyljak netijelere, ýeňişlere her birimiz sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Dünýä çempionaty paýtagtymyzda geçirilýän hem bolsa, onuň sport ruhy tutuş ýurdumyzy gurşap aldy. Şu günler ýurdumyzyň beýleki sebitleri bilen bir hatarda, biziň welaýatymyzda hem geçirilýän dabaraly maslahatlarda türgenlerimize ýeňişleriň ýar bolmagy arzuw edilýär. Şeýle dabaralaryň biri biziň mekdebimizde hem geçirilýär. Ýurdumyzda kuraşyň Lebap mekdebiniň wekilleriniň halkara ýaryşlarda yzygiderli üstünlikli gazanýandygy bizi buýsandyrýar. Dünýä çempionatynda çykyş etjek türgenlerimiziň hem aglabasy bu mekdebiň uçurymlary we wekilleridir. Nesip bolsa, geçen ýaryşlarda bolşy ýaly, paýtagtymyzda geçiriljek dünýä çempionatynda hem türgenlerimiziň ýeňiş bilen Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy we il-günümizi begendirjekdigine ynanýarys.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: