DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Uly tizlik bilen hereket edýän otly barada bilesiňiz gelýärmi?

Ýaponiýa diňe bir awtomobil önümçiliginde däl, eýsem, demirýol ulaglaryny öndürmek boýunça-da dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýär.
Ýakynda bu ýurtda sagatda 500 kilometr tizlik bilen hereket etmäge ukyply bolan otly üstünlikli synag edildi. Magnit ýassygynda hereket edýän bu otly synag ýörişinde 100 ýolagçy bilen Uenohara we Fuewuki şäherleriniň aralygynda 42,8 kilometr ýoly geçdi. Ýene-de birnäçe ýyldan bu ýokary tizlikli otly boýunça gatnawlary ýola goýmak meýilleşdirilýär. Şeýle-de geljek ýyllarda Ýaponiýada sürüjisiz ýokary tizlikli otlularyň gatnawlaryny guramak hem göz öňünde tutulýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: