Ulag, üstaşyr geçirmek we logistika meseleleri boýunça türkmen-azerbaýjan bilelikdäki toparynyň türkmen bölegi döredildi

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Ulag, üstaşyr geçirmek we logistika meseleleri boýunça türkmen-azerbaýjan bilelikdäki toparynyň türkmen bölegi döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy.

Bu resminama Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ulag, üstaşyr geçirmek we logistika meseleleri boýunça türkmen-azerbaýjan bilelikdäki toparyny döretmek hakyndaky Ylalaşygy durmuşa geçirmek hem-de iki ýurduň özara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen kabul edildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Adblock
detector