TÜRKMENISTAN HABARLARY

Ulag ulgamynda halkara kadalara laýyklykda täze düzgünler kämilleşdirilýär

Awtomobil ulagy pudagynyň milli kanunçylygyny halkara talaplara laýyklykda kämilleşdirmek boýunça işler dowam edýär — bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 27-nji fewralda geçirilen mejlisinde habar berildi.
Hasabatda ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek we halkara ulag gatnawlarynda sürüjileriň iş-dynç alyş düzgünleriniň berjaý edilişine gözegçiligi güýçlendirmek boýunça çäreleriň görülýändigi aýdylýar. Hormatly Prezidentimiz degişli teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri ýerine ýetirmegi tabşyrdy.