“Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň 19-njy şahamçasynyň Zerger stansiýasynda otlulary düzüji bolup işlän Muratniýaz Rasulow birnäçe ýyllyk iş tejribesi, yhlasly zähmeti we hyzmatlary üçin dürli döwürlerde döwlet sylaglaryna mynasyp görülipdir. Onuň “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna” diýen ýubileý medaly, şeýle hem Garaşsyzlygyň 34 ýyllygy mynasybetli «Gaýrat» medaly bilen sylaglanmagy onuň edermen zähmetine berlen ýokary bahanyň beýanydyr.
Ulag-logistika pudagynda alnyp barylýan giň gerimli taslamalar ýurdumyzyň çäginde täze demirýol ugurlarynyň döredilmegine, sebitara we halkara gatnawlarynyň çuňlaşmagyna mümkinçilik berýär. Täze demirýol şahalarynyň gurulmagy ykdysadyýetde logistika mümkinçilikleriniň giňelmegine, söwda we üstaşyr geçelgeleriň işjeňleşmegine oňyn täsir edýär. Bu ugurda mundan beýläk hem netijeli işleriň alnyp barylmagy ýurdumyzyň ulag düzüminiň kämilleşmegine mynasyp goşant bolup hyzmat edýär.
Ulag-logistika ulgamynda alnyp barylýan işler depginini dowam etdirýär
21
Nov
