DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Ukrainanyň birinji hanymy koronowirusy ýeňdi

Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiniň aýaly Ýelena Zelenskaýa COVID-19 infeksiýasyndan doly gutuldy we hassahanadan çykdy. Bu barada Prezidentiň «Facebookdaky» resmi hasabynda habar berildi.
«Zelenskaýa özüni oňat duýýar, ol maşgalasyna gowşandygy üçin örän bagtly. COVID-19-y ýeňen Ýelena keselden soňky içmeli dermanlaryny yzygiderli içýär. Lukmanlar oňa öý şertlerinde gözegçilik edýär» diýip, Prezidentiň hasabynda aýdylýar.
Prezidentiň aýalynyň koronowirus bilen keselländigi 12-nji iýunda habar berildi. Ukrainanyň birinji hanymy 16-njy iýunda hassahana ýerleşdirildi. Şu ýagdaý sebäpli Prezidentiň özi hem çäklendirilen iş tertibine geçdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: