SPORT WE SYÝAHAT

UEFA maliýeleşdirmegiň feýr-pleý düzgünlerine täzeden seretmegi meýilleşdirýär

Ýewropanyň futbol bileleşigi (UEFA) maliýeleşdirmegiň feýr-pleý (FFP) düzgünlerine täzeden seretmegi meýilleşdirýär. (Feýr-pleý /iňlisçe fair play/ — takmynan, «arassa oýun» diýlip terjime edilýär.) «New York Times»-iň berýän maglumatlaryna görä, ýewropa futbolunda FFP-niň deregine maliýe durnuklylygynyň düzgünlerini girizerler, diýip, «mail.ru» ýazýar.

Şeýlelikde, klublar üç möwsümde girdejisiniň 70%-den köp bolmadyk bölegini harç edip bilerler. Geçiş döwri 2025-nji ýyla çenli dowam eder. Şol wagtda klublara girdejisiniň 90%-ine çenli girdejisini sarp etmäge rugsat beriler.

Şonuň ýaly-da, öň düzgünleri bozmadyk we durnukly maliýe ýagdaýy bolan klublar normadan artyk 10 million dollara çenli pul sarp edip bilerler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: