Hytaýyň «Xpeng» awtomobil kompaniýasynyň hünärmenleriniň öndüren uçýan awtoulagy synaglardan üstünlikli geçdi.
“Xpeng AeroHT” diýlip atlandyrylan bu uçýan elektromobiliň uzynlygy 5,5 metre, ini we beýikligi 2 metre barabardyr. Iki ýolagça niýetlenilen bu ulaglaryň akkumulýatorlarynyň kuwwaty zarýad bermezden 1000 kilometr ýoly geçmäge mümkinçilik berýär. Munuň özi bu ulagda 5-6 uçusy amala asyrmak üçin ýeterlikdir.
Uçýan ulaglar awtomatiki we mehaniki usulda dolandyrylýar. Kompaniýa her ýylda şeýle ulaglaryň 10 müň sanysyny öndürmegi meýilleşdirýär.