Şu gün Lebap welaýatynyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde 12-nji synp okuwçylaryna orta bilim hakyndaky şahadatnamalaryň berliş dabaralary geçirildi. Şu ýyl welaýatyň orta mekdeplerini ýaşlaryň 21350-den gowragy tamamlaýar.
Türkmenabat şäherindäki 26-njy orta mekdepde geçirilen dabara hem köp adamly boldy. Dabara mugallymlar, welaýat baş bilim müdirliginiň wekilleri hem-de uçurymlaryň ata-eneleri hem gatnaşdy.
Üstümizdäki ýylda mekdebi dört synpda uçurym ýaşlaryň 117-si tamamlady. Olaryň 22-si tapawutlanan şahadatnama eýe boldy. Bu okuwçylar ähli dersler we gutardyş synaglary boýunça sap 5-lik bahalary aldylar.
― Uçurymlarymyzyň arasynda Aýgül Çaryýewa, Saidilýa Permanowa, Gleb Antonow, Leýli Hemraýewa, Umitjan Kadyrow ýaly zehinli ýaşlary agzap bileris.
Şu ýyl biologiýa okuw dersi boýunça «Altyn asyryň altyn zehinleri» bäsleşiginiň welaýat tapgyrynda ikinji orny eýelän Eliza Ogonesýan hem mekdepden uçurym bolup, durmuş mekdebine gadam goýýar ― diýip, mekdebiň müdiri Gülşirin Durdykulyýewa «Jeyhun.newsiň» habarçysyna gürrüň berdi.
Uçurymlara şahadatnamalar gowşuryldy

20
Jun